«Hosilotyň» myhmançylykdaky ýeňşi AFK-nyň kubogynyň toparçasyna tarap bir ädim ýakynlaşdyrdy

0
217
1
0

Şu gün Owganystanyň «Şahin Asmai» hem-de Täjigistanyň «Hosilot» toparlarynyň arasynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň toparçalaryna düşmek ugrundaky saýlama ýaryşyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşykda täjik futbolçylary Ibragim Rabimowyň 36-njy minutdaky goly bilen 0:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Myhmançylykda gazanylan bu ýeňiş 7-nji fewralda «Hosilotyň» öz meýdanynda has ynamly çykyş etmegine ýardam berer.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Şahin Asmai» — «Hosilot» duşuşyklarynyň ýeňijisi «Dordoý» — «Balkan» duşuşyklarynyň ýeňijisi bilen duşuşar. Iki ýeňijiniň arasyndaky «öýde-myhmançylykda» görnüşinde geçiriljek duşuşyklarda artykmaçlyk gazanan topar AFK-nyň kubogynyň Merkezi Aziýa böleginiň toparçasynda çykyş etmäge hukuk gazanar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru