Soňky habarlar

Arhiw

«Balkan» jogap duşuşygy üçin artykmaçlyk gazandy

18:2331.01.2017
0
4204

Şu gün Gyrgyzystan Respublikasynyň Oş şäherinde Bişkek şäheriniň «Dordoý» hem-de Balkanabadyň «Balkan» futbol toparlarynyň arasynda AFK-nyň kubogynyň toparçalaryna girmek ugrundaky saýlama ýaryşynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Ýaryşa myhmançylykdaky duşuşyk bilen girişýän hem bolsalar, bu türkmen futbolçylaryny aljyratmady. Olar ilkinji pursatlardan başlap, ýiti hüjümleri gurnamaklyga girişdiler. Şeýle-de bolsa, ýaryşyň başyndan başlap, garşylyklaýyn hüjümlere hem duçar boldular. 7-nji minutda garşydaş toparyň futbolçysy Solomon Teýkiniň derwezä gönükdiren pökgüsini «Balkanyň» derwezewany Alikper Kerimow ussatlyk bilen tutmagy başardy. 15-nji minutda «Dordoýyň» derwezesiniň agzynda hem howply pursat döredi. Türkmenistanly futbolçynyň derwezä kelle bilen gönükdiren pökgüsi «Dordoýyň» oýunçylaryna degip, meýdanyň daşyna çykdy. Türkmen futbolçylary tarapyndan burçdan oýna girizilen pökgini garşydaş toparyň derwezeçisi gapdy.

Duşuşygyň 18-nji minudynda «Balkanyň» futbolçylary öz derwezesiniň golaýynda oýnuň düzgünini bozdular. Ýer eýeleriniň wekili bellenilen jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedi. Şeýle jerime urgularyň biri 28-nji minutda hem berildi. Ýöne bu gezek hem ýer eýeleriniň synanşygy şowsuz boldy.

Howply pursatlaryň birnäçesi dörän hem bolsa, duşuşygyň birinji ýarymynda pökgä erk etmek artykmaçlygy türkmen futbolçylarynyň tarapynda boldy. Hatda, 44-nji minutda Mämmedaly Karadanowyň derwezä gönükdiren pökgüsi futbolçylarymyzy arzyly gola has ýakynlaşdyrdy. Ýöne birinji ýarymda hasaby açyp, öňe saýlanmak toparlaryň hiç birine-de eýgertmedi.

Ikinji ýarym «Balkanyň» hüjümi bilen başlady. Şeýle-de bolsa, çalt özüni dürsän ýer eýeleri garşylyklaýyn hüjüme geçdiler. 47-nji minutda derwezä tarap gelýän güýçli hüjümleriň biri «Balkanyň» goragçylary tarapyndan yza serpikdirildi. 59-njy minutdaky ýiti hüjümde garşydaş toparyň futbolçysy Awçiýew derwezäniň 8 metr ýakynyndan hasaby açmaga synanyşdy. Her näme-de bolsa, pökgi Alikper Kerimowyň göni eline geldi. 63-nji minurad şuňa meňzeş howply ýagdaý Aziz Sadykow bilen Inkumanyň bilelikdäki hüjüminde hem emele geldi. Şondan 3 minut soň, «Balkanyň» futbolçylary hem ýiti hüjüm gurnadylar. 25 metr uzaklykdan derwezä gönükdirilen pökgi netije bermedi. Garaşylan netije bolsa 70-nji minutda geldi. Nurtagan Mämmedalyýew kyn hem-de möhüm duşuşykda «Balkany» öňe geçirdi. Hasap — 0:1. Ýöne bu üstünlik bary-ýogy 9 minut saklanyldy. Ýer eýeleri 79-njy minutda Alişer Azizowyň goly bilen hasaby deňlediler. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňme-deňlik bilen hem tamamlandy.

Jogap duşuşygy 7-nji fewralda Balkanabat şäherinde geçiriler. Bu gün gazanylan netije ildeşlerimizi jogap duşuşygy üçin has umytlandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň