Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçylarynyň Aziýa çempionatyna barýan ýoldaky garşydaşlary belli boldy

18:1423.01.2017
0
3188

23-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde futbol boýunça 2019-njy ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň 3-nji saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bije çekilşige 2-nji torbadan gatnaşan Türkmenistanyň milli ýygyndysy nobatdaky saýlama tapgyryň ”E” toparçasyna düşdi. Ildeşlerimizden başga-da, bu toparçada Bahreýn Patyşalygynyň, Singapuryň we Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndylary bar.

Türkmen futbolçylary toparçadaky ilkinji duşuşygyny 28-nji martda myhmançylykda Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysy bilen geçirer.

“E” toparça

Bahreýn
Türkmenistan
Singapur
Hytaý Taýpeýi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň