Türkmenistanyň Prezidenti Harby deňiz güýçleriniň “Gaýratly” gämisiniň topary bilen duşuşdy

0
379
2
0

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýaty boýunça iş saparynyň çäklerinde “Hazar” deňiz serhet birikmesine geldi. Bu ýerde serhet birikmesiniň serkerdesiniň hasabatyny kabul edip, Türkmeistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow “Arkadag” atly gämä tarap ugrady.

Döwlet Baştutany “Arkadag” gämisi bilen ýüzüşiniň dowamynda deňiz çäklerinde söweşjeň gullugyny alyp barýan Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň “Gaýratly” gämisiniň ýanyna geldi. Harby gäminiň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň deňiz çäkleriniň asudalygy we howpsuzlygy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany “Gaýratly” gämisinde onuň döwrebap enjamlaşdyrylyşy we radiotehniki enjamlary bilen gyzyklandy, dürli abzallaryň orny barada sorady hem-de bu ýerde harby deňizçiler üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti harby deňizçiler bilen çaý başynda söhbet etdi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru