Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň täze sport toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

0
466
Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň täze sport toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy


Balkan welaýatynda iş saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze döwrebap sport toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.

Bu sport toplumynyň gurluşygy Senagat ministrliginiň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Myradym” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylýar. Köpugurly sport merkeziniň umumy meýdany 28,5 gektara barabardyr, onuň düzüminde dürli sport, edara we tehniki desgalar bar. Häzirki wagtda şol desgalary ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.

Toplumyň düzümine sportuň oýun görnüşleri-- basketbol, tennis, gimnastika, gandbol, woleýbol üçin niýetlenen otaglar, hokkeý we figuralaýyn typmak üçin meýdançaly “Buzly köşk”, fitnes-merkezi girýär. Mundan başga-da, taslamada iş otaglary bolan edara binasy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işlemegi üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen 150 orunlyk mejlisler zaly, restoran, topluma ýanaşyk ýerde bolsa basketbol we tennis, woleýbol we futbol oýnamak üçin açyk sport meýdançalary göz öňünde tutuldy. Şeýle hem bu ýerde jemi 250 orunlyk awtoduralgalaryň ikisi bar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň