Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» ÝGPJ SMS bäsleşigini geçirýär

12:3816.01.2017
0
10386

«Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2017-nji ýylyň 16-njy ýanwaryndan başlap, SMS bäsleşigini  yglan edýär. Düzgünnama laýyklykda, bäsleşik operatoryň tutýan ähli ygtyýarnama zolagynda 1717 gysga belgä we *1717# USSD belgä SMS ugratmak boýunça  geçirilýär. «Ykjam aragatnaşyk» hojalyk jemgyýeti bu bäsleşigiň ýardamçysydyr.

Bäsleşige operatora («Altyn asyr» ÝGPJ-ne) hiç bergisi bolmadyk islendik müşderi gatnaşyp bilýär. Ýöne bäsleşik operatoryň hyzmatlaryndan peýdalanýan ýuridiki şahslar üçin elýeterli däldir.

Eýsem, bäsleşige gatnaşmak üçin näme etmeli? Munuň üçin müşderi 16-njy ýanwardan başlap, «S» ýa-da «START» ýazgyly SMS habary 1717 gysga belgä ugratmaly. Müşderi jogap hökmünde SMS habaryny alýar. Bu barada bäsleşige degişli buýruklar ugradylýar. Aslynda, bäsleşik türkmen dilinde geçirilýär, ýöne müşderi islese, sowallara rus dilinde hem jogap berip biler. Munuň üçin bäsleşigiň alnyp barylýan dilini üýtgetmek ýeterlikdir.

— türkmen dili üçin «TM»;

— rus dili üçin «RU»

Müşderä 5 sany soragdan ybarat sorag bukjasy birikdirilýär. Soňra soraglaryň dogry jogabyny saýlamaly we saýlanyp alnan jogabyň belgisini 1717 gysga belgä ibermeli («1» ýa-da «2»). Eger matematiki sorag bolsa dogry jogaby san bilen ýazmaly. Her bir dogry jogap üçin müşderi 10 bal alýar. Diýmek, müşderi bir bukjadaky 5 soragyň ählisine hem dogry jogap berip bilen ýagdaýynda 50 utuk gazanýar. Nädogry jogap üçin bal hasaplanmaýar.

1 sorag bukjasynyň bahasy 1 manat 50 teňňe.

 

Bäsleşigiň buýruklarynyň beýany

START ýada S — SMS bäsleşigi başlamak ýa-da dowam etmek (sorag bukjasyny almak) — bahasy 1,50 manat (5 sany SMS sorag üçin).

1 — jogabyň 1-nji görnüşini saýlamak — tölegsiz

2 — jogabyň 2-nji görnüşini saýlamak — tölegsiz

R — soňky soragy täzeden gaýtalamak — tölegsiz

TM — SMS bäsleşigini türkmen diline geçirmek — tölegsiz

RU — SMS bäsleşigini rus diline geçirmek — tölegsiz

LIDER ýa-da ONDE — bütin SMS bäsleşiginiň ýeňijisi barada maglumatlar — bahasy 1,50 manat

NETIJE ýa-da RESULT — bütin bäsleşigiň jemleri we şu hepdäniň netijeleri boýunça öz jemlän ballaryňy görmek — bahasy 1,50 manat

BAÝRAK ýa-da PRIZ — bäsleşik boýunça ýeňijilere gowşurylan baýraklar barada maglumat almak — tölegsiz

+9936XXXXXXX — «Dostuňy çagyrmak», bäsleşige dostuňy çagyrmak we goşmaça bal almak — tölegsiz

? — SMS bäsleşik barada kömek — tölegsiz

Gelýän SMS habarlary tölegsiz.

 

Soraglara berlen dogry jogaplar üçin alnan ballardan her bir gatnaşyjynyň umumy reýtingi düzülýär. Degişli hepdäniň dowamynda soraglara berlen dogry jogaplar üçin alnan ballardan her bir gatnaşyjynyň hepdelik reýtingi düzülýär. 

Müşderi dostlary oýna çagyryp bilýär, her bir çagyrylan we bäsleşigi başlan müşderi üçin 100 bal gazanyp bilýär. Müşderi dostunyň belgisini +9936ХХХХХХХ halkara formatda 1717 gysga belgä iberýär, soňra onuň dostyna SMS bäsleşige gatnaşmaga çakylyk gelýär. Müşderi SMS bäsleşige gatnaşmak üçin çakylyk bilen razy bolsa dostuny çagyran müşderä goşmaça bal hasaplanýar. Bir günüň dowamynda (24 sagat) 5 sany dostuňy çagyrmak mümkinçiligi bar.

 

Bäsleşigiň netijeleri 

Başgalara garanyňda has köp soraga dogry jogap beren gatnaşyjylar bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiji diýip hasaplanýar. Jogaplaryň sany deň bolan ýagdaýynda, jogap bermek üçin iň az wagtyny sarp eden müşderi ýeňijisi hasap edilýär.  Bäsleşigiň şol bir gatnaşyjysy bir hepdeden uzak wagtlap ýeňiji bolup bilmeýär. Bir hepdäniň dowamynda ýeňiji bolan, indiki hepde boýunça ýeňiji bolup bilmez, ol müşderi bäsleşigiň jemleýji baýraklary üçin bäsleşip biler. Bir hepdäniň dowamynda bäsleşigiň ýeňijisi bolan adam, gaýtadan hepdäniň netijesi boýunça ballaryň iň köp sanyny gazanan bolsa, liderleriň sanawynda indiki bolup duran müşderi hepdäniň ýeňijisi bolýar. 

Bäsleşigiň tamamlanan pursatyndan soň, 7 senenama günüň dowamynda bütin bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijileri kesgitleýär.

Ýeňiji kesgitlenenden soň 3 günüň dowamynda, töleg geçirmändigi, hyzmat ediş zolagyndan daşdadygy we ş.m. sebäpler üçin gatnaşyjynyň telefonynyň öçürilendigi zerarly müşderi bilen habarlaşmaga mümkinçilik  bolmadyk ýagdaýynda, bäsleşigiň netijelerine gaýtadan seredip, sanawda ballaryň jemi boýunça indiki duran lideri kesgitläp biler.

Gatnaşyjylar bäsleşigiň düzgünnamasynynyň düzgünlerini bozan ýagdaýynda, bäsleşigi geçirýän guramalar netijelere gaýtadan seretmek hukugyny özünde galdyrýarlar we  netijelere baglylykda, ýeňijini baýrak almakdan mahrum edip, sanawda ballaryň jemi boýunça indiki duran lidere baýragy bermek hakynda karar kabul edýärler.

 

Bäsleşigiň baýraklary

 

1

16/01/2017 – 22/01/2017

1-nji orun — iphone 7

2-nji orun — Samsung Galaxy S7 edge

3-nji orun — Samsung smart TV

 

2

23/01/2017 – 29/01/2017

1-nji orun — iphone 7

2-nji orun — Samsung Galaxy S7 edge

3-nji orun — Samsung smart TV

 

3

30/01/2017 – 05/01/2017

1-nji orun — iphone 7

2-nji orun — Samsung Galaxy S7 edge

3-nji orun — Samsung smart TV

 

4

06/02/2017 – 12/02/2017

1-nji orun — iphone 7

2-nji orun — Samsung Galaxy S7 edge

3-nji orun — Samsung smart TV

 

5

13/02/2017 – 19/02/2017

1-nji orun — iphone 7

2-nji orun — Samsung Galaxy S7 edge

3-nji orun — Samsung smart TV

 

6

20/02/2017 – 26/02/2017

1-nji orun — iphone 7

2-nji orun — Samsung Galaxy S7 edge

3-nji orun — Samsung smart TV

 

7

27/02/2017 – 05/03/2017

1-nji orun — iphone 7

2-nji orun — Samsung Galaxy S7 edge

3-nji orun — Samsung smart TV

 

8

06/03/2017 – 12/03/2017

1-nji orun — iphone 7

2-nji orun — Samsung Galaxy S7 edge

3-nji orun — Samsung smart TV

 

9

13/03/2017 – 19/03/2017

1-nji orun — iphone 7

2-nji orun — Samsung Galaxy S7 edge

3-nji orun — Samsung smart TV

 

10

20/03/2017 – 26/03/2017

1-nji orun — iphone 7

2-nji orun — Samsung Galaxy S7 edge

3-nji orun — Samsung smart TV

 

11

27/03/2017 – 02/04/2017

1-nji orun — iphone 7

2-nji orun — Samsung Galaxy S7 edge

3-nji orun — Samsung smart TV

 

12

03/04/2017 – 09/04/2017

1-nji orun — iphone 7

2-nji orun — Samsung Galaxy S7 edge

3-nji orun — Samsung smart TV

 

Baýraklary gowşurmagyň şertleri 

Ýeňiji bolandygy barada habarnamany alan pursatyndan başlap, 3 günüň dowamynda gatnaşyjynyň ýaşaýan ýeriniň ýazgysy barada maglumatlar görkezilen pasportyny bermekligi baýragy almagyň esasy şerti bolup durýar. Gatnaşyjy bu maglumatlary getirip bermedik ýagdaýynda, baýrak gatnaşyja berilmeýär. Bäsleşigiň netijelerine gaýtadan garalýar.  Sanaw boýunça indiki ýeňijiniň ýazgy baradaky maglumatlar görkezilen pasportyny getirip berilmedik ýagdaýynda, bäsleşigiň netijelerine gaýtadan garalmaýar we baýrak gowşurylmaýar. Ýeňiji baýragy almak üçin, baýragyň gowşurylýan ýerine gelmek we yzyna gaýtmak bilen bagly ähli çykdajylary öz hasabyna amala aşyrýar.

Baýraklar bäsleşik tamamlanan pursatyndan başlap, 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda operatoryň wekilleri tarapyndan Aşgabat şäherinde gowşurylýar.

Prowaýder şu aşakdaky ýagdaýlarda gatnaşyja baýragy bermekden ýüz öwrüp biler:

— Gatnaşyjylar tarapyndan şu Düzgünnamanyň kadalary bozulan ýagdaýynda;

— Degişli şahsyýetiň tassyklanan resminamalary berilmedik ýagdaýynda;

— Bäsleşik tamamlanandan soň, 30 senenama gününiň dowamynda  baýragy almak üçin gerek bolan resminamalary bermekden ýüz öwrülendigini subut edýän, gatnaşyjynyň hereketleri/hereket etmezligi;

— Bäsleşik tamamlanan pursatyndan başlap, 30 senenama gününiň dowamynda gatnaşyjynyň baýragy almakdan ýüz öwürýändigi baradaky ýazmaça görnüşde iberen habarnamasy;

— Müşderi baýragy alandygy baradaky resminama gol çekmekden ýüz öwren ýagdaýynda;

— Operatoryna bergisi bar bolan ýagdaýynda, bergisini doly töleýänçä.

 

Beýleki maglumatlar 

Bäsleşige gatnaşmak bilen, oňa gatnaşyjylar, özlerinden goşmaça alnan razylygy bolmazdan we goşmaça haýsydyr-bir goşmaça pul haky tölenmezden, olaryň atlarynyň we suratlarynyň mahabat maksatlary üçin ulanylyp biljekdigi bilen ylalaşýarlar.

Bäsleşige gatnaşmaklyk, gatnaşyjylaryň şu Düzgünnama bilen ylalaşýandyklaryny aňladýar.

 Bäsleşigi geçirmeklige degişli böleginde,  gatnaşmak we baýraklary gowşurmak baradaky Düzgünlere üýtgetmeler girizip biler, bu üýtgetmeleri barada Operator öz wagtynda gatnaşyjylara habar berer.

Bäsleşige şu aşakdaky görkezilen adamlar gatnaşyp bilmeýär:

— gulluk telefonlary bolan ýa-da bäsleşigi guramaga gatnaşýan “Altyn Asyr” ÝGPJ-niň işgärleri.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň