Soňky habarlar

Arhiw

Altymyrat Annadurdyýew Özbegistanyň «Almalyk» klubynda

18:0113.01.2017
0
5211

IKI ÝYLDA FUTZALDAN LEGIONERLIGE

ýa-da hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew Özbegistanyň «Almalyk» klubynda

Özbegistanyň Ýokary ligasynda çykyş edýän «Almalyk» futbol kluby türkmenistanly hüjümçi Altymyrat Annadurdyýewi düzümine goşmaga taýýarlanýar. 23 ýaşly hüjümçi häzirki wagtda topar bilen türgenleşiklere gatnaşýar.

Türkmen futbolçysynyň toparyň düzümine goşulandygy barada klubyň saýtynda 5-nji ýanwarda habar berildi. Şol günden bäri «Almalyk» bilen türgenleşiklere gatnaşýan A.Annadurdyýew toparyň düzüminde bir ýoldaşlyk duşuşygyna hem gatnaşdy. 0:1 hasabynda «Almalygyň» garşydaşy «Nowbahar» toparynyň peýdasyna tamamlanan duşuşykda türkmenistanly hüjümçi toparyň esasy düzüminde meýdana çykdy.

A.Annadurdyýew «Almalygyň» 11 — 26-njy ýanwar aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirjek türgenleşik ýygnanşygyna hem alyndy. Topar bu ýerde üç sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Mundan iki ýyldan gowrak wagt ozal hem Türkmneistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» futzal toparynda çykyş edip ýören A.Annadurdyýew 2015-nji ýylda «Ahal» futbol toparynyň düzümine goşulýar. Futbolçylyk karýerasy beýleki futbolçylaryňkydan käbir aýratynlyklar bilen tapawutlanýan Altymyrat ilkinji resmi duşuşygyna halkara oýunda çykýar. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň kubogyna mynasyp bolup, AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşmaga mynasyp bolan «Ahal» ilkinji duşuşygyny Gyrgyzystanyň «Dordoý» topary bilen Aşgabatda geçirdi. Duşuşyk A.Annadurdyýewiň 8-nji minutda geçiren pökgüsi bilen 1:0 hasabynda türkmen futbolçylarynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Altymyradyň Ýokary ligadaky ilkinji duşuşygy hem ünsi çekmäge mynasyp. Ýokary liga — 2015-de «Ahal» ilkinji duşuşygyny liganyň täze wekili — «Energetik» bilen geçirdi. Toparyň uly hasaply ýeňşinde (6:0) A.Annadurdyýewiň goşandy uludyr. Ol şol duşuşykda 4 gol geçirdi.

Ýokary ligada çykyş eden ilkinji möwsüminiň soňky tapgyrlarynda şikes alan hüjümçi möwsümi 22 pökgi bilen tamamlady. Geçen ýyl «Altyn asyryň» düzümine goşulan A.Annadurdyýew 15 pökgi bilen bombardirlik ýaryşynda üçünji orna mynasyp boldy.

A.Annadurdyýew «Almalyk» bilen türgenleşikleriň netijesinde gowy oýun görkezip, toparyň düzümine ymykly kabul edilip biler. Geçen ýyl bu toparda başga bir türkmen futbolçysynyň — ýarym goragçy Arslanmyrat Amanowyň hem çykyş edendigini ýatlatmak isleýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň