Türkmen futbolçylary Aziýa Kubogy — 2019-yň saýlama tapgyrynyň bije çekilşigine ikinji torbadan gatnaşar

04:0213.01.2017
0
10816

23-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde 2019-njy ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň nobatdaky saýlama tapgyrynyň bije çekilşigine Türkmenistanyň Futbol boýunça milli ýygyndysy ikinji torbadan gatnaşar. Bu torbada türkmen futbolçylaryndan başga-da, Hindistanyň, Palestinanyň, Täjigistanyň, Wýetnamyň hem-de Gonkongyň futbol ýygyndylary bar.

Bije çekilşige Gyrgyzystanyň, Iordaniýanyň, Omanyň, Flippinleriň, Bahreýn Patyşalygynyň hem-de Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň ýygyndylary birinji torbadan gatnaşar. Üçünji torbany Maldiw adalarynyň, Liwanyň, Ýemeniň, Owganystanyň, Taýwanyň hem-de Mýanmanyň, dördünji torbany Malaýziýanyň, Singapuryň, Laosyň, Kambojanyň, Nepalyň we Butanyň futbolçylary emele getirdiler.

Torbalar ştab-kwartirasy Sýurih (Şweýsariýa) şäherinde ýerleşýän Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň (FIFA) täze reýting sanawyna görä düzüldi. Mälim bolşy ýaly, bu sanawda Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýene bir basgançak aşak düşüp, 211 milli ýygyndynyň arasynda 143-nji orny, Aziýa ýygyndylarynyň arasynda bolsa 24-nji orny eýeledi. Reýting sanawynda milli ýygyndymyz Lesotonyň ýygyndysyndan ýokarda, Angolanyň ýygyndysyndan aşakda ýer aldy.

Surinamyň futbol ýygyndysy täze sanawda iň ýokary ösüş gazanan topardyr. Olar geçen aýdaky netijesini 22 basgançak ýokalandyryp, sanawyň 128-nji ornunda ýerleşmegiň hötdesinden geldiler. Trinidad we Tabogo döwletiniň ýygyndysy bolsa 5 basgançaklyk düşüş bilen, täze sanawda iň köp düşüşe sezewar bolan ýygyndy boldy.

Sanawyň başyny ýene-de Argentina çekýär. Ikinji orunda — Braziliýa, üçünji — Germaniýa. Sanawy Çiliniň, Belgiýanyň, Kolumbiýanyň, Fransiýanyň, Portugaliýanyň, Urugwaýyň we Ispaniýanyň ýygyndylary dowam edýärler. Umuman, ilkinji 34 orunda dekabr aýyndaky reýtingden hiç hili üýtgeşme ýok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň