Soňky habarlar

Arhiw

Demirgazyk sebitiň tarp ýerlerinde döredilen oba ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün edilýär

00:5413.01.2017
0
5081

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda Oguzboý obasynyň ýaşaýjylary täze suw geçirijisine eýe bolar. Onuň gurluşygy ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagy hatardan çykan enjamlaryň hem-de arassalamagyň köne usullarynyň çalşylmagyny, suw akymyny batlandyryjy desgalaryň gurulmagyny, arassaçylyk, ekologiýa talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagyny özünde jemleýär. 

Uzynlygy 11 kilometr bolan suw geçirijiniň gurluşygyny “Asly berk” hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Häzirki güne çenli obada geçirijileriň çekilmegi tamamlandy, suw gatlalarynyň gurlyşygynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Geljekki suw sorujy bekediniň ýerleşen ýerine uzynlygy üç kilometrden gowrak bolan täze elektrik geçiriji çekildi. 

Täze suw desgasynyň ulanmaga berilmegi obada jemagat-hojalyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Tebigy serişdeleri, şol sanda suw serişdelerini aýawly hem-de oýlanyşykly ulanmagyň esasynda ýurdumyzda hemme ýerde arassa agyz suwuny çykarýan kärhanalar gurulýar, täze suw geçirijiler gurlup, olaryň ozalky bar bolanlarynyň durky täzelenýär. 

Demirgazyk sebitiň tarp ýerlerinde ýakynda döredilen diňe Ruhubelent etrabynda “Tüni derýa” geňeşliginde we etrabyň dolandyryş merkezinde arassa agyz suwuny öndürýän kärhanalar guruldy, şol ýrlerde suw geçiriji ulgamlarynyň onlarça kilometri çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň