Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna täze baş tälimçi bellenildi

19:2412.01.2017
0
5447

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna täze baş tälimçi bellenildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň çözgüdi bilen milli ýygyndymyzyň başyna 40 ýaşly hünärmen, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew getirildi. Bu wezipäni ozal Amangylyk Koçumow alyp barýardy. Milli ýygyndymyz tejribeli tälimçiniň ýolbaşçylygynda Aziýa Kubogy — 2019-yň we 2018-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň nobatdaky saýlama tapgyrynda «D» toparçada çykyş edip, üçünji orny eýeläpdi.

Ýazguly Hojageldiýew tälimçilik işine 2016-njy ýylda — 30 ýaşynda girişdi. Ol ozalky Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň oýnaýan tälimçisi hökmünde milli çempionatda altyn medala mynasyp bolupdy. Tälimçi HTTU bilen dört gezek ýurdumyzyň çempiony bolmagy başardy. Şeýle hem ol bu topar bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogyna, ýurdumyzyň kubogyna we Naýbaşy kubogyna birnäçe ýola mynasyp boldy. 2010-njy ýylda bolsa HTTU GDA-nyň Dostluk kubogynda iň gowy 4 toparyň biri bolmagy başardy.

Bize Futbol federasiýasyndan berlen maglumata görä, Ýazguly Hojageldiýew bu wezipäni «Altyn asyr» toparynyň baş tälimçiligi bilen bilelikde alyp barar. Mälim bolşy ýaly, ol Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň komandasy bilen bassyr üç gezek ýurdumyzyň çempiony bolmagy, iki gezek Kuboga we Naýbaşy kuboga mynasyp bolmagy başardy.

Milli ýygyndymyza 2010 — 2013-nji ýyllar aralygynda-da baş tälimçi bolan Ýazguly Hojageldiýew şägirtleri bilen AFK-nyň Çagyryş kubogynda iki gezek finala çenli çykmagyň hötdesinden geldi. Iki gezek hem Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň ýygyndy topary bilen final duşuşygyna çykan türkmen futbolçylary 2010-njy ýylda 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 4:5, 2012-nji ýylda duşuşygyň esasy wagtynda 1:2 hasabynda ýeňildiler.

Tälimçiniň öňünde Aziýa Kubogynyň nobatdaky saýlama tapgyrynda üstünlikli geçip, yklym çempionatyna gatnaşmak wezipesi durýar. Indiki saýlama tapgyr üçin bije çekilşik 23-nji ýanwarda Abu-Dabi şäherinde (BAE) bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň