Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-NIŇ Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

0
289
0
0

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Hemişelik wekili hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň wekili hanym Ýelena Panowany kabul etdi. 

Türkmen döwletiniň Baştutany BMG-niň Türkmenistandaky täze bellenen Hemişelik utgaşdyryjysyny ýurtda işläp başlamagy bilen gutlap, iri halkara guramasynyň ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Bu gurama bilen hyzmatdaşlyk geçen ýyllaryň dowamynda diňe netijeli, uzakmöhletleýin hem-de özara bähbitli häsiýete eýe boldy. 

Soňra ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy. Ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge hem-de Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen bilelikdäki täze taslamalara bildirilýän özara gyzyklanma tassyklanyldy. 

Birleşen Milletler Guramasynyň wekili dürli ulgamlarda amala aşyrylan birnäçe bilelikdäki taslamalaryň Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky özara hereketleriň soňky wagtda örän ösen depginine subutnama bolup durýandygyny belläp, döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmakda ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berdi. Türkmenistanyň Prezidenti türkmen tarapynyň adamzadyň möhüm meselelerine gönüden-göni dahylly ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, howanyň üýtgemegi hem-de daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meselelere degişli başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, abraýly guramanyň degişli edaralary we düzümleri bilen ýygjam özara hereket edip, ählumumy gün tertibi boýunça açyk çekişmelere Türkmenistanyň mundan beýläk-de örän işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru