Soňky habarlar

Arhiw

Haryt bolçulygy bahalaryň durnuklylygyny üpjün edýär

19:5903.10.2016
0
3150

Ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek, bazarlaryň işini kämilleşdirmek, ilata gündelik zerur harytlaryň bahalarynyň elýeterli bolmagy ugrunda döredýän mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp, ilkinji nobatda, halkymyzyň gündelik sarp edýän önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu önümleriň ählisi diýen ýaly Türkmenistanda öndürilmegi bolsa, bahalaryň elýeterli hem durnukly bolmagyna getirýär.

Şu ýylda söwda nokatlary, bazarlardyr azyk dükanlary kartoşka, düýp sogan, pomidor, hyýar, badamjan, bolgar burç, ýumurtga, mal eti, towuk eti, tüwi, un, ösümlik ýagy ýaly gündelik sarp edilýän harytlar ýurdumyzda öndürilen önümleriň hasabyna üpjün edilýär. Bazarlaryň ýokary hilli ýerli önümler bilen üpjün edilmegi olaryň baha durnuklylygyny saklamak boýunça hem ähli mümkinçilileri berýär. Ýerli önümçiligiň möçberleriniň artmagy netijesinde, 2016-njy ýylda towuk eti, ýumurtga, hyýar, pomidor, kelem ýaly azyk önümlerini daşary ýurtlardan getirmek zerurlygy hem doly aradan aýryldy.

Bazarlarymyzda haryt bolçulygynyň bolmagy, şeýle-de bahalaryň elýeterliligi hormatly Prezidentimiziň öz halkynyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrýan beýik işleriniň beýanydyr. Ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynyň işgärleri-de hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, geljekde hem halkymyza ýokary hilli önümleri hem söwda hyzmatlaryny hödürläp, yhlasly zähmet çekerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň