Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2016. 12-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

11:1127.05.2016
0
2356

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

 

14 gol: Tapgyrda derwezelere 14 gol geçirildi. Mundan öň 1-nji we 3-nji tapgyrlar 14 gol bilen jemlenipdi. Gollarda awtogol ýok, 2 sany penalty bar.

 

«Ýedigen» 2:1 «Merw»

Gollar:

1:0, Pirmyrat Sultanow 12’

2:0, Pirmyrat Sultanow 22’

2:1, Söhbet Allanurow 60’.

 

Sultanow ilkinji gezek goşalady: Möwsümdäki ilkinji dubluny amala aşyran Pirmyrat Sultanow  bu ýyl Hemra Amanmämmedowyň biraz kölegesinde galan hem bolsa, netijeli oýny bilen ýene-de janköýerleri begendirdi.

Ilkinji gezek: «Ýedigen» şu möwsümde ilkinji gezek bassyr iki duşuşykda ýeňiş gazandy.

 

«Altyn asyr» 3:1 «Aşgabat»

Gollar:

1:0, Altymyrat Annadurdyýew 31’

1:1, Ruslan Kurbanow 45+1’

2:1, Süleýman Muhadow 53’

3:1, Elman Tagaýew 61’.

 

«Altyn asyr» öz meýdanynyň hökmürowany: Indi «Altyn asyr» şu möwsümde öz meýdanynda iň kän gol geçiren topar. «Aragatnaşykçylar» yzda galan oýunlarda garşydaş derwezelere 12 pökgi geçirdiler.

Muhadow ahyrsoňy bombardir: Soňky 5 möwsümiň iň kän gol geçren futbolçysy bolsa-da, entek karýerasynda hiç bir möwsümi hem bombardir bolup tamamlap görmedik Süleýman Muhadow şu ýyl şol maksadyna ýetjege meňzeýär. «Aragatnaşykçylaryň» 9-lygy möwsümde geçiren gollarynyň sanyny 8-e çykaryp, bombardirlik ýaryşynyň öňdebaryjysy Hemra Amanmämmedow bilen deňleşdi.

 

«Energetik» 2:2 «Ahal»

Gollar:

1:0, Alibek Abdyrahmanow 29’

2:0, Alibek Abdyrahmanow 46’

2:1, Myrat Annaýew 69’ (pen.)

2:2, Berdimyrat Rejebow 87’

 

Abdyrahmanow açylyşýar: Duşuşygyň her ýarymynda bir gol geçirip, toparyny 2:0 hasabynda öňe çykaran Alibek Abdyrahmanow möwsümdäki ilkinji dubluny hem amala aşyrdy.

Möwsümde ilkinji gezek: Yzda galan oýunlarda ýa ýeňen, ýa-da ýeňlen «Energetik» 12-nji tapgyrda deňlik bilen hem didarlaşdy.

Ýene iki toparda 20 gol: Şu duşuşykdan soňra möwsümde 20 we ondan kän gol geçiren toparlaryň sany 3-e çykdy. Indi «Altyn asyrda» 25, «Energetikde» 21, «Ahalda» hem 20 gol bar.

«Ahal» = penalty = Myrat Annaýew: «Ahalyň» soňky 3 oýnunda-da garşydaş derwezelere 11 metrlik jerime urgusy berildi, 3-sini hem Myrat Annaýew dürs ýerine ýetirdi.

 

«Turan» 0:2 «Şagadam»

Gollar:

0:1, Arslan Paýyzow 41’

0:2, Ýunus Orazmämmedow 90+2’ (pen.)

 

Şowsuz 40-lyk: Şu duşuşykdan soň «Turan» möwsümde derwezesine 40 gol geçirden ilkinji topar boldy.

Ahyrsoňy: Şeýlelikde, «Şagadam» myhmançylykdaky ilkinji ýeňşini gazandy.

 

«Köpetdag» 0:1 «Balkan»

Gol:

0:1, Mekan Saparow 21’.

 

Ilkinji şowsuzlyk:«Köpetdag» öz meýdanynda ilkinji gezek ýeňildi.

Üçünji şowsuzlyk: «Köpetdag» şu möwsümde ilkinji gezek bassyr 3 duşuşykda ýeňildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň