Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

00:1909.02.2016
0
4777

8-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara jogapkär orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi,   welaýatlary hem-de paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatda, ilki bilen, Ahal, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimleri döwlet Baştutanyna ýerlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Türkmenistanyň Prezidenti häkimlere welaýatlaryň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda, şol sanda oba senagat toplumynda önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça çäreleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem, Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli  ýurdumyzyň ähli künjeginde geçiriljek dabaralaryň ähmiýetini nygtap, baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary  B.Ereşow Balkan welaýatyna iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek boýunça maksatnamalary üstünlikli çözmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär. Hususan-da, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde önümçilik kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna önüm çykarmaga barabar bolan karbamid öndürjek zawodyň gurluşygynyň barşy barada jikme-jik habar aýdyldy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde işleriň ýagdaýy we alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Ol döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, gök önümleri we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölekleriniň berlişi barada habar berdi.  

Iş maslahatynda wise-premýer M.Ýazmuhammedowa Halkara nowruz baýramçylygyny Ahal welaýatynyň dag etegindäki “Toý ýaýlasynda” geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Soňra göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew çagyryldy. Häkim  paýtagtymyzy has-da ösdürmek, onuň binagärlik keşbini özgertmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem, şanly senelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany Aşgabadyň  abadanlaşdyrylyşyna uly üns bermegiň zerurdygyny belledi hem-de Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýere we häkime iri desgalardaky gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak üçin hemme çäreleri görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň