Ýanwar aýynda gurluşyk pudagynda meýilleşdirilen işler 124,5 göterim ýerine ýetirildi

0
496
33
1

Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat şäheriniň häkimligine degişli hojalyk hasaplaşygyndaky edara-kärhanalarda ýanwar aýynda öndürilen önümiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 103,9 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 108,9 göterim ösüş gazanyldy.

Paýtagtymyzyň häkimliginiň garamagyndaky kärhanalarda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 521 million 540 müň manat maýa goýum serişdeleri özleşdirildi. Ösüş depgini 2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, 103,9 göterime deň boldy.

Soňra wise-premýer Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan ýanwar aýynyň jemleri boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň 124,5 göterim derejede üpjün edilendigini, hem-de 102,4 göterim ösüş gazanylandygyny habar  berdi.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 122,6 göterim ýerine ýetirildi. Şunda ýokary ösüş depgini saklanyp galýar we ol geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirlende 109 göterim boldy. Şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyz boýunça elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüşi 100,1 göterime, eksportuň möçberi bolsa 106,6 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýanwar aýy üçin bellenilen meýilnama 113,9 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş 110,8 göterim derejede üpjün edildi.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan öndürilen önümiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 105 göterim ýerine ýetirildi we 106,5 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Bular barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 5-nji fewralynda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru