Germaniýada ürkmenistanyň Ykdysadyýet güni geçirildi

0
1075
1
0

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň iri şäherleriniň birinde — Maýn boýundaky Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet güni üstünlikli geçirildi.

Foruma gatnaşmak üçin dostlukly ýurda Türkmenistanyň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekillerinden ybarat topar iberildi. Duşuşyga nemes tarapyndan hökümet agzalary, işewürligi ösdürmek boýunça döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň 90-dan gowragynyň esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahat Ýewropanyň öňdebaryjy banklaryň biri bolan Commerzbank konserniniň merkezi edara binasynda geçirildi. Gün tertibine deňhukuklylyk we uzakmöhletleýin esasda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň meseleleri girizildi. Nemes işewürleri ýurdumyzyň ykdysady we eksport mümkinçilikleri, daşary söwda we maýa goýum syýasaty, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça wezipeler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Çykyş edenler bu çäräniň türkmen-german ykdysady gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge hyzmat etjekdigini hem-de iki ýurduň döwlet we telekeçilik düzümleriniň arasynda täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etjekdigini bellediler.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, iri halkara maliýe we işewürler düzümlerini, şol sanda nemes kompaniýalaryny giňden çekmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam edýär. Şol hyzmatdaşlar bilen möhüm ugurlarda bilelikde işlemegiň baý tejribesi toplandy.

Germaniýanyň wekilleri öz nobatynda geljegi uly bolan türkmen bazarynda nemes işewürleriniň ornuny giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça geljegi uly bolan ugurlar barada pikir alyşmagyň barşynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň wekilleri Türkmenistanyň iri maýa goýumyny, öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge, halkara standartlaryna laýyk gelýän nemes tehnikalarynyň we enjamlarynyň iberilmegine gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Mundan başga-da, Germaniýa Federatiw Respublikasyna ýurdumyzda öndürilýän bäsleşige ukyply harytlaryň iberilişini artdyrmagyň mümkinçilikleri hakynda teklipler beýan edildi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň, edaralarynyň hem-de hususy ulgamynyň wekilleri GFR-iň  döwlet düzümleriniň we nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekki gatnaşyklaryň meýilnamalary  kesgitlendi.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti Germaniýanyň öňdebaryjy kärhanalaryna, şol sanda ýyladyş we sowadyş ulgamlaryny, senagat enjamlaryny  öndürijileriň — «Viessmann Group» kompaniýasynyň önümçilik kärhanalaryna baryp gördüler. Bir ýüz ýyla golaý mundan öň esaslandyrylan bu kärhana geçen ýyllaryň içinde öndürýän enjamlarynyň agramly böleginiň daşary ýurtlara iberilýän senagat ägirdine öwrüldi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru