Soňky habarlar

Arhiw

Saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara toparyň birinji mejlisi geçirildi

22:3606.02.2016
0
5491

5-nji fewralda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maslahatlar zalynda Saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara toparyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlise ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar bu toparyň Düzgünnamasy we düzümi, onuň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Mejlisiň gün tertibine Saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn  toparyň 2016-njy ýyl üçin iş meýilnamasy girizildi. Onda giň çäreler toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem pudagyň iş topary hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen taýýarlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şu maksat bilen 2016-njy ýyl üçin pudaklaýyn iş meýilnamanyň hem-de beýleki guramaçylyk işlerini işläp taýýarlamak we tassyklamak üçin döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň