Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy

22:1106.02.2016
0
3151

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini, uçar kerosinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna 

jinsi matasy, polipropilen gaby, portlandsement, naz ýüplük we pagta süýümi satyldy. Olary Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Owganystandan, Gruziýadan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi  bahasy ABŞ-nyň 13 million 627 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, BAE-den, Hindistandan, Pakistandan,  gelen işewürler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen jemi bahasy 4 million 824 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi, lukmançylyk önümlerini, pagta soapstogynyň çig ýagly turşumtyk kislotasyny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 103 müň manatdan gowrak bolan pagta süýümini satyn aldylar.

“Türkmenistan: hepdäniň wakalary”, TDH.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň