Senagat toplumy boýunça işler ýanwar aýynda uly ösüşlere eýe boldy

0
669
0
0

Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça şu döwürde öndürilen önümleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi 127,5 göterime, ösüş depgini bolsa 109,3 göterime barabar boldy. Hususan-da, sementiň öndürilişi boýunça 105,5 göterim, magdan däl serişdeler boýunça 116 göterim, keramzidiň öndürilişi boýunça 101,2 göterim we gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi boýunça 102,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 112,2 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 103,8 göterime deň boldy. Nah matalaryň öndürilişi boýunça 103,7 göterim, tikin we trikotaž önümleriniň öndürilişi boýunça 105,9 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

“Türkmenhaly”  döwlet birleşigi boýunça ýanwar aýynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 106,6  göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini  104,3 göterime deň boldy. Şol döwürde 3 müň 217 inedördül metr haly önümleri dokaldy.

“Türkmenhimiýa”  döwlet konserni boýunça ýanwar aýynda öndürilen önümleriň ösüş depgini 126,1 göterime deň boldy. Pudagyň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 103 göterim, tehniki ýoduň öndürilişi boýunça 100,4 göterim, tehniki uglerodyň öndürilişi boýunça 100 göterim we natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 109,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça  öndürilen önümleriň ösüş depgini 170,9 göterime deň boldy, şol sanda tutulan balyk boýunça 100,2 göterim, balyk we gaýtadan işlenip gaplanan balyk önümleri boýunça 118 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru