Obasenagatynda ýanwar aýy boýunça işler 105,4 göterim ýerine ýetirildi

14:3306.02.2016
0
3771

Şu ýylyň ýanwar aýynda tutuş obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüşi  105,4 göterime deň boldy. Şunda Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 103,9 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetinde 106,7 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 110,9 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 122,4 göterime barabar boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 14 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi 1,7 göterim hem-de etiň öndürilişi 1 göterim ýokarlandy. Obasenagat toplumynyň ministrlikleri we pudak edaralary maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnamany 164,1 göterim ýerine ýetirdiler.

Mejlisde döwlet Baştutanyna gök we bakja önümleriniň öndürilişi, gaýtadan işleniş we eksport möçberlerini artdyrmak maksady bilen, durmuşa geçirilýän çäreler, ýazky ekiş, gyş suwunyň tutulyşy ýaly işler boýunça hem habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň