Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 10 ýyldan gowrak wagtdan soň FIFA-nyň sanawynda iň gowy derejesine çykdy

0
983
61
5

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 10 ýyldan gowrak wagtdan soň FIFA-nyň sanawynda iň gowy derejesine çykdy

Ýakynda FIFA-nyň fewral aýy boýunça milli ýygyndylaryň arasyndaky reýting sanawy köpçülige ýaýradyldy. Türkmneistanyň futbol ýygyndysy täze sanawdaky ýanwar aýyndaky ornuny ýene 3 basgançak ýokarlandyryp, 114-nji basgançaga çykdy. Bu bolsa soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň içinde milli ýygyndymyzyň görkezen iň ýokary netijesidir. 2005-nji ýylyň noýabr aýyndaky sanawda ýygyndy toparymyz 112-nji orundady. Dekabrda bolsa 166-njy orna düşen futbol ýygyndymyz şondan soňky ýyllarda 115-nji orundan ýokary galyp bilmedi. Türkmen futbolçylarynyň geçen ýyldaky üstünlikli çykyşlaryndan soň, FIFA-nyň reýtingindäki ornumyz her aý ýokary galyp, häzir 114-nji orna çenli çykyldy.

Futbol ýygyndymyzyň öňünde 2016-njy ýylda hem jogapkärli duşuşyklaryň birnäçesi bar. Olaryň ilkinjisi bolsa mart aýynda Hindistanyň milli ýygyndysy bilen bolar. Şondan soňra futbol ýygyndymyz sentýabr aýynda Aziýa çempionatynyň nobatdaky saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryny geçirip başlar.

Biz sizi FIFA-nyň fewral aýyndaky reýting sanawynda ilkinji 20 orny eýelän milli ýygyndy bilen hem tanyşdyrýarys:

1.Belgiýa-1494 utuk 
2.Argentina-1455 utuk 
3.Ispaniýa-1370 utuk 
4.Germaniýa-1347 utuk 
5.Çili-1293 utuk 
6.Braziliýa-1251 utuk 
7.Portugaliýa-1219 utuk 
8.Kolumbiýa-1211 utuk 
9.Angliýa-1106 utuk 
10.Awstriýa-1091 utuk 
11.Urugwaý-1074 utuk 
12.Şweýsariýa-1050 utuk 
13.Ekwador-1040 utuk 
14.Gollandiýa-994 utuk 
15.Italiýa-991 utuk 
16.Rumyniýa-987 utuk 
17.Uels-974 utuk 
18.Horwatiýa-958 utuk 
19.Wengriýa-945 utuk 
20.Türkiýe-933 utuk 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru