Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

23:4904.02.2016
0
5346

4-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti,  Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly  Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky  mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2016-njy ýylyň birinji aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, olaryň maddy-enjamlaýyn  binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak hem-de işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň goranmak ministri Ý.Berdiýew ýakynda bellenilip geçilen Watan goragçylarynyň gününe gabatlanylyp geçirilen çäreler barada-da habar berdi. Bu sene mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylarynyň bir toparyna döwlet sylaglary gowşuryldy hem-de nobatdaky harby atlar dakyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli bu şanly senä bagyşlanan çärelere, şol sanda harby ýörişi ýokary derejede geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. 

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow Türkmenistanyň guryýer, howa we deňiz serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri G.Hojaberdiýew döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de ýurdumyzda jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamak maksady bilen ministrlik tarapyndan 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow şu ýylyň birinji aýynda IIM-niň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de jemgyýetçilik düzgün-tertibini saklamak we islendik düzgün bozmalaryň, şol sanda ýurduň ýollaryndaky düzgün bozmalaryň öňüni almak maksady bilen geçirilýän çäreler, ýangyna garşy göreş gullugynyň işi, düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ol ýurdumyzyň ýollarynda köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyny  üpjün etmek, şeýle hem ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur amatlyklary ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň berk berjaý edilmegine pugta gözegçilik edýän prokuratura edaralarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda alyp baran işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew milli kazyýet ulgamyny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek, ony umumy ykrar edilen halkara ölçeglerine hem-de döwrüň talaplaryna kybap getirmek boýunça geçen aýda geçirilen  köpugurly işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy D.Baýramow Türkmenistanyň serhedinden geçýän ýüklere pugta gözegçilik etmäge ýardam berýän döwrebap tehniki  serişdeler bilen üpjün edilmegi boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow Türkmenistana daşary ýurtly myhmanlaryň gelmegini kadalaşdyrmak maksady bilen, şu ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Soňky döwürde halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegi hem-de okgunly ösýän Türkmenistanyň dünýäniň işewür toparlary üçin özüneçekijiliginiň yzygiderli ýokarlanmagy netijesinde mähriban Diýarymyza daşary ýurtlardan gelýän myhmanlaryň sany ep-esli artdy.

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň hem-de ulanylmagynyň öňüni almak, zyýanly endikleri aradan aýyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe  hem-de sport hereketini ösdürmegiň hasabyna jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny we ýörelgelerini berkarar etmek maksady bilen, ýanwar aýynda amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň geçen aýyň dowamynda alyp baran işleri barada hasabat berdi. Häzirki döwürde  ministrlik ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş babatda täze sepgitlere ýetmegi üçin milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri görýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň sazlaşykly işline, umuman, kanagatlanma bildirdi hem-de golaýda tassyklanan, diňe goranyş we parahatçylykly häsiýete eýe bolan Harby doktrinany durmuşa geçirmegiň barşynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmaga örän jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni çekdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň