Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

0
291
1
6

3-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Sultan ogly Zeýnalowy kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip,  döwlet Baştutanymyza Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli sözlerini, iki goňşy ýurduň we olaryň halklarynyň umumy bähbidine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek hakynda aýdan arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hasan Sultan ogly Zeýnalowy Azerbaýjanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçylygyna bellenilmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlik arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça  ösdürmegiň geljegi hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Döwlet Baştutanymyz we dostlukly ýurduň ilçisi söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde netijeli işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň ilçisi Hasan Sultan ogly Zeýnalow döwletara gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp,  iki doganlyk halklaryň bähbidine berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam  bildirdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru