Hepdäniň tehnologiýa täzelikleri (25.01 - 31.01. 2016 ý.)

0
361
10
0

JÜBÜT KAMERA TEHNOLOGIÝASY
  Dünýäniň tehnologiýa enjamlaryny öndüriji iri şereketleri täze akylly telefonlarynda jübüt kamera aýratynlygyny ýerleşdirmegi niýet edinýärler. Bu habaryň mälim edilmegi şereketleriň arasynda ýiti bäsdeşligiň dowam edýändigini ýene bir ýola subut edýär. “ETNews” habarlar gullugy bu özgertmäniň amala aşyrylmagy üçin şereketleriň “bilini berk guşandygy” barada anyk maglumatlary berýär. Oňa görä Günorta Koreýaly “MCNEX”, “Namuga” ýaly kamera modullaryny öndürijiler jübüt kamera modullarynyň önümçiligini ýola goýdy. “LG Innotec” birnäçe wagtdan bäri bu ugurda tejribelerini synag edip gelýär. “Samsung” hem özüniň smartfonlarydyr tabletleri üçin jübüt kamera aýratynlygynyň önümçiligine başlamaga taýýarlyk görýär. Ol bu ugurda hytaýly işewürler bilen gepleşikler geçirýär. Berilýän maglumatlar diňe Günorta Koreýaly däl, dürli kamera modul öndürijileriniň hem jübüt kamera önümçiligine tarap ugur alandygyny mälim edýär. Bu bolsa akylly telefon öndürijileriniň jübüt kamera ulgamyna köpçülikleýin ugur alandygyny görkezýär. “LG G5”-iň jübüt kamera ölçegine eýe bolan ilkinji telefonlardan biri bolmagyna garaşylýar. Jübüt kamera aýratynlygy durmuşymyzyň ajaýyp pursatlaryny kämil derejede surata düşürmek we olara dürli effekt bermek mümkinçiliklerini özünde saklaýar.

BARY-ÝOGY 1.047 SEKUNTDA

ABŞ-nyň Kanzas welaýatynda ýaşaýan inžener-programmaçylar Jaý Flantland we Paul Rose, düzmek üçin köp wagtyň sarp edilýän Rubik Kubigini 1.047 sekuntda düzmegi başaran roboty döretmegiň hötdesinden geldiler. Olar reňkli bölekleri bir ýere getirmek üçin birnäçe wagtyň sarp edilýän bu oýnawajyny dessine çözmek ugrundaky birnäçe wagtlap alyp baran işlerinde şowlulyk gazandylar. 1974-nji ýylda döredilen we häzirki wagta çenli dünýäniň iň köp satylan oýunjagy hökmünde meşhurlyk gazanan Rubik kubigini rekord wagtyň dowamynda düzen robot, bu inžener – programmaçylaryň täze açyşy hökmünde bellige alyndy. Bu robot çözülmedik kubigiň algoritmini çözmek bilen ony kompýutere ugradýar we kubik 1.047 sekundyň içinde düzülýär. Inženerler heniz Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabyna hödürlenmeseler hem, häzirki rekord 2.3 sekund bilen LEGO robotyna, adamlaryň arasyndaky rekord bolsa 4.9 sekunt wagt bilen 14 ýaşly Lukas Ettere degişlidir.
 


“LENOVO K5 NOTE” MÜŞDERILERE HÖDÜRLENDI

 
Birnäçe hepde ozal “Lenovo K4 Note” kysymly akylly telefonyny müşderilerine hödürlän hytaýly şereket, aradan köp wagt geçmändigine garamazdan ýakynda “Lenovo K5 Note” kysymyny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu telefon elýeter bahasy we kämil gurluş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Şereketiň täze telefony “MediaTek” tarapyndan öndürilen sekiz ýadroly “Helio P10” hereketlendirijisinden güýç alýan ilkinji akylly telefon boldy. 64 bitlik “Cortex-A53” gurluşy esasynda işleýän sekiz ýadroly hereketlendiriji 2.0 GHz ýygylyk tizligine çykmaga ukyplydyr. Jübüt ýadroly “Mali-T860” grafiki birleşmesiniň esasynda işleýän hereketlendirijide “Cat.6 LTE” ýardamy hem göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem telefonda 5.5 inç ululygynda Full HD durulykly LTPS ekrany, 2 GB RAM göterijisi we artdyryp bolýan 16 GB goşmaça ýady ýerleşdirilipdir. Iň gowy kysymly telefon bolmaga dalaş edýän bu smartfonyň göwresi dolulygyna metal bilen örtülendir. “Android 5.1 Lollipop”  iş ulgamy bilen işleýän telefonda tiz zarýad almaga ukyply 3.500 mAh göwrümli batareýa hem göz öňünde tutulypdyr.
 

 

“CHROME” TIZLIGINI ARTDYRÝAR

Eger-de siz “Chrome” ulanýan bolsaňyz we internet sahypalaryny ýeterlik derejede tiz ýüklemeýändigi hakda aladalanýan bolsaňyz, indi size aladalanmaga esas ýok. “Google” şereketiniň “Chrome” üçin döreden tizleşdirme algoritmi şu wagtky ulanylýan algoritmden 25 göterim ýokary tizlige eýedir. “Google”-niň häzirki wagtda ulanýan “Zopfli” algoritminiň ýerine döredilen täze algoritmine “Brotli” ady berlipdir. “Brötli” ady şwed nemesçesinden terjime edilende kiçijik çörek, ýagny külçe manysyny aňladýar. “Google”-niň hünärmeni Ilýa Grigorigiň aýtmagyna görä, täze koduň üstünde işlemekligiň, ýagny bu özgertmäni amala aşyrmaklygyň uzaga çekendigine garamazdan täze algoritmi ulanylyşa taýyn etmek başartdy. Şereket täze algoritminiň maglumat almak formatyny düýbünden üýtgedendigini mälim edýär. Hatda “Brotli”, “Zoftli”-ýe görä HTML, CSS we “JavaScript” programmalaryny 17-25 göterim töwereginde tizleşdirýär. Bu ulgamyň ösüşini kämilleşdirýär we ýüklemeleri tizleşdirýär. “Google” “Brotli”-niň iň köp mobil ulanyjylaryna ýardamçy boljakdygyny hem nygtaýar.

“ASUS”-DAN TÄZE ENJAMLAR

“ASUS” şereketi kompýuter oýunlaryny oýnamak üçin niýetlenen “Cerberus” nesline degişli täze klawiaturasyny we oýun syçanjygyny müşderilerine hödürledi. Täze oýun enjamlary köp wagta çekýän kompýuter bäsleşikleri üçin ygtybarly we çydamly enjamlary isleýän her bir oýunça doly derejede berkligi, ykjam gözegçiligi we ýokary amatlylygy hödürleýär.

“Cerberus” oýun klawiaturasy

“Cerberus” oýun klawiaturasy suw geçirmeýän berk taslama, ykjam durmak üçin niýetlenen kauçuk aýaklara we aýratyn makro düwmelere eýe bolan USB oýun klawiaturasydyr. LED yşyklary arkaly arkasy ýagtylandyrylýan bu enjamyň göwresi SECC görnüşli metal bilen örtülgidir. Bu klawiatura dowamly kompýuter oýunlarynyň oýnalmagy sebäpli ýüze çykýan kynçylyklardan ýeňillik bilen çykmaga ýardam edýän ygtybarly we berk görnüşi bilen tapawutlanýar. Suw syçramalaryna durnukly taslamasy, ýalňyşlyk bilen dökülen suwlara garşy howpsuzlygy üpjün edýän bolsa, gyzgynlygy çykarmak üçin niýetlenen deşikleri bolsa suwlaryň klawiaturanyň içinde galmagynyň öňüni almak bilen, kompýuter oýnunyň arasyny bölmezden ýeňillik bilen arassalamak mümkinçiligini berýär. Onuň kauçuk bilen örtülen aýaklary, enjamyň iň çekeleşikli oýunlarda hem dürli tarapa üýtgewsiz, ykjam durmagyny üpjün edýär. Bu oýun klawiaturasynda gurnalyş taýdan kämilligi we bäsdeşlige ýaramlylygy amala aşyrmak üçin oýunyň içki sazlamalaryny ýeke bir gezekde sazlamak mümkinçiligini hödürleýän ýeňil makro düwmeleri bilen müşderileriň ünsüni özüne çekýär.

 

“Cerberus” oýun syçanjygy

“Cerberus” oýun syçanjygy wakalaryň gidişini we dogrulugyny dessine üýtgetme mümkinçiligini üpjün edýän dört derejeli DPI düwmesini özünde saklaýar. Bu enjam iki el bilen hem ulanmak mümkin bolan owadan hem ykjam optiki oýun syçanjygy hökmünde köpleriň söýgüsini gazanmagy başardy. Kompýuter oýunlaryny söýüjiler, dört sany aýratynlandyrylan anyklyk derejesiniň saýasynda adaty oýun döwründe we ýokary derejeli anyklygyň gerek wagtynda gerekli tizlige dessine geçip biler. Reňkli LED görkezijisi bolsa haýsy anyklyk derejesinde hereket edýändigiňizi bir bakyşda görüp bilmekligiňize mümkinçilik döreder. Bu syçanjyk hem sag hem çep ele ykjam görnüşde ýerleşýär we islegiňize görä tutmak mümkinçiligini hödürleýär. Oýunyň iň bir gyzykly döwründe hem gury ýagdaýda durýan we der sebäpli eliň typmagyna garşy durýan kauçuk gabynyň kömegi bilen, gözegçiligi hiç ýitirmezden oýun oýnamak şatlygyňyzy dowam etdirip bilersiňiz.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru