Türkmenistanyň Prezidenti konstitusion toparyň mejlisini geçirdi

0
774
3
0

2-nji fewralda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky konstitusion toparyň mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu topar döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda 2014-nji  ýylyň maý aýynda konstitusion özgertmeleri durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň Esasy Kanunyny Türkmenistany syýasy we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen döredildi.

Mejlisi açyp we onuň gün tertibini yglan edip, döwlet Baştutany häzirki döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmegiň örän möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şu wezipeden ugur alyp, biz Esasy Kanunymyzy dünýä ölçeglerine we döwrüň talaplaryna laýyk getirmek üçin 2014-nji ýylda konstitusion özgertmeleri geçirip başladyk diýip belledi. Häzire çenli bu ugurda köp işer edildi. Bu işler häzir hem dowam edýär.

Geçirilen bu işleri nazara alyp, biz şu gün ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek bilen bagly esasy meseleleri ýene-de bir gezek ara alyp maslahatlaşmagy makul bildik diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow konstitusion toparyň agzalaryna çykyş etmegi teklip etdi.

Mejlisde Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory G.Hallyýew, Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýew, Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedow, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa dagylar çykyş edip, ýurduň Esasy Kanunyna möhüm özgertmeleri girizmek barada alnyp barylýan işler, halkdan gelip gowuşýan teklipler barada aýtdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti konstitusion toparyň agzalarynyň çykyşlaryny diňläp, olara maksatnamalaýyn çykyş bilen ýüzlendi we ýurdumyzyň Esasy Kanunyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan maksatlary hem-de wezipeleri barada durup geçdi.

Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda anyk kadalary özünde jemleýän maddalaryň 143-si bolup, şolaryň 28-si täze maddalardyr. Olaryň 80-si bolsa, täze kadalar goşulan ýa-da üýtgedilen maddalar bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda aýtdy.  

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny  kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taslamasyny makullamak we ähli halkyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin hödürlemek hakyndaky” Karara gol çekdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru