Awstriýa Respublikasynyň Milli Geňeşiniň ikinji prezidenti Aşgabatda gepleşikleri geçirdi

11:1203.02.2016
1
2341

2-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisinde Awstriýa Respublikasynyň Milli Geňeşiniň ikinji prezidenti jenap Karlhaýns Kopfyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamalaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmekde möhüm orun berilýän milli parlamentiň işleriniň wajyp ugurlary duşuşygyň mowzuklarynyň biri boldy.

Wekiliýetiň baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşmalaryň çäklerinde Awstriýa Respublikasynyň Milli Geňeşiniň düzümi we orny bilen tanyşdyryp, iki dostlukly ýurduň parlamentarileriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek üçin örän uly mümkinçiligiň bardygyny belledi. Şu babatda, taraplaryň ikisi üçin hem gyzyklanma döredýän kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, has ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma beýan edildi.

Saparynyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde we Daşary işler ministrliginde hem duşuşyklary geçirdiler. Olaryň barşynda türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny has-da giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň