Howa maglumaty 1 - 7.02.2016 ý.

0
1148
10
11

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:

Aşgabatda  üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 2—4 metrden 9—12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1...+3 gradusdan +4...+6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9...+11 gradusdan +15...+17 gradus aralygynda maýyl bolar.       

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 2—7 metrden 10—15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...+3 gradusdan +4...+9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3...+8 gradusdan +11...+16 gradus aralygynda maýyl bolar.                

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 1—6 metrden 10—15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3...+2 gradusdan +3...+8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+10 gradusdan +12...+17 gradus aralygynda maýyl bolar.                

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 2—7 metrden 9—14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3...+2 gradusdan +4...+9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+10 gradusdan +11...+16 gradus aralygynda maýyl bolar.        

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 1—6 metrden 10—15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4...+1 gradusdan +3...+8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+9 gradusdan +12...+17 gradus aralygynda maýyl bolar.         

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 2—7 metrden 10—15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...-5 gradus sowuk, gündizlerine +1...+6 gradusdan +9...+14 gradus aralygynda maýyl bolar.        

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru