Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgeni Mekan Agalykow pauerlifting boýunça halkara ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy

00:4202.02.2016
0
4777

Golaýda pauerlifting boýunça mümkinçilikleri çäklendirilen türgenleriň arasynda Tula oblastynyň Aleksin şäherinde geçirilen Russiýanyň açyk çempionatynda aşgabatly Mekan Agalykow uly üstünlik gazandy. Ol ýatan ýerinden döşleriniň üstünden agyrlygy köp götermek boýunça kümüş medala mynasyp boldy. 59 kg çenli agram derejesinde çykyş edip, gazanan bu üstünligi türkmen türgeniniň ýetip gelýän Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyga ajaýyp sowgady boldy.

Şunuň ýaly ýokary derejeli ýaryşlara gatnaşmak türkmen türgenleri üçin dünýä derejesinde geçiriljek ýaryşlara oňat taýýarlyk bolup durýar. Şu ýylyň tomsunda Rio-de-Žaneýro şäherinde tomusky Olimpiýa oýunlary geçiriler. Bu ýaryşlar tamamlanan dessine, şol sport desgalarynda Bütindünýä paralimpiýa oýunlary bolar. Türgenlerimize bu ýaryşlara gatnaşmak üçin galan döwürde ýeňil bolmadyk bäsleşikler garaşýar. Hut şu sebäpli hem, Aleksinde geçen ýaryş Braziliýada geçiriljek oýunlara taýýarlygyň möhüm tapgyry bolup durýar.

M.Agalykow Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş etmäge  esasy dalaşgärleriň biridir. Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ýusup we Adyl Aliýewleriň tälim bermeginde sport bilen meşgullanýan bu türgenimiz 2012-nji ýylda London şäherinde Bütindünýä paralimpia oýunlarynda çykyş edip, öz agram derejesinde, dünýäniň iň güýçli pauerliftingçileriniň öňdäki sekizligine düşmegi başarypdy.

Russiýanyň açyk çempionatynda, Mekan eýýäm ilkinji synanyşygynda 150 kilogram agramy göterip, özüne kümüş medaly üpjün etdi. Türkmenistanyň maýyplary goldamak merkeziniň wekili özüniň ikinji synanyşygynda 158 kilogram agramy göterip, öz artykmaçlygyny has hem artdyrdy. Aýgytly synanyşygynda M.Agalykow 164 kilogram agramy buýrup, özüniň şahsy rekordyny täzelemäge synanyşdy. Ýöne eminleriň biragyzdan karara gelip bilmändikleri üçin bu netije hasaba alynmady.

Türkmen türgeni şeýle ýaryşlara ilkinji gezek gatnaşmaýar. Ol her gezek altyn baýragyň alkymynda saklanýar. Geçen ýyl Russiýanyň açyk çempionatynda, şeýle hem Russiýanyň kubogy ugrundaky açyk ýaryşda M.Agalykow iki sany kümüş medal gazandy. Ol bu ýaryşlaryň ikisinde hem ikinji orny eýeledi. Bu ýyl bolsa ildeşimiz ýer eýeleriniň ençeme atly türgenlerinden öňe saýlanyp, diňe Ýewropanyň häzirki çempiony, Russiýanyň rekordsmeni Ildar Bedderdinowdan pes netije görkezdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde  80 kilogram çenli agram derejesinde Işkuwwat Çaryýew altynjy orny, Maksat Toýlyýew bolsa 49 kilogram çenli agramda ýedinji orny eýelemek bilen oňat netije görkezdiler.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň