Soňky habarlar

Arhiw

Oguzhan adyndaky Tehnologiýalar uniwersitetini açmaga taýýarlyk görülýär

00:3502.02.2016
0
11068

Şu günler Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda Oguzhan adyndaky Tehnologiýalar uniwersitetini açmak, onuň düzümine senagat ulgamyna degişli hünärleri girizmek, uniwersitetiň şahamçalaryny döretmek we täze ýokary okuw mekdebiniň ýanynda türkmen-ýapon mekdebini açmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň 1-nji fewralda göni aragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynda hem habar berildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow uniwersitetiň döredilmeginiň ýurdy mundan beýläk-de senagatlaşdyrmakda zerur bolan injener-tehniki hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny, onuň ýanynda türkmen-ýapon mekdebiniň açylmagynyň bolsa ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigini belledi. Täze ýokary okuw mekdebiniň iň häzirkizaman okuw enjamlary bilen üpjün edilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu ugurda degişli çäreleriň görülmelidigini nygtady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň