Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýolbaşçylar düzümi Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler

13:1001.02.2016
0
3380

31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler.

Ekskursiýa gatnaşyjylar Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň düzümine girýän Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň,  Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň, Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýleriniň gymmatlyklary bilen tanyşdylar.

Bu ýerde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri hakyndaky gymmatly maglumatlary almak, ol ýa-da beýleki taryhy döwrüň ýylýazgysyndan ylmy taýdan tassyklanylan maglumatlary bilmek mümkindir.

Şeýle hem şol gün ýurduň ähli künjeklerinde türkmenistanlylaryň, şol sanda ýaşlaryň welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýlerine köpçülikleýin gezelençleri guraldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň