Soňky habarlar

Arhiw

«Turkmenportalyň» okyjylary ýylyň iň gowy futbolçysyny saýladylar

00:5631.01.2016
0
15889

Ozal hem habar berlişimiz ýaly, turkmenportal.com Türkmenistanyň resmi internet saýtlarynyň içinde ilkinji bolup türkmen futbolçylarynyň arasynda 2015-nji ýylyň iň gowy oýunçysyny yglan etmek boýunça ses berlişigi yglan etdi. Ine-de, şol garaşylýan gün — 31-nji ýanwar gelip ýetdi we saýtymyzyň redaksiýasy ses berlişigiň netijelerini jemledi.

Mälim bolşy ýaly, ses berlişik 2016-njy ýylyň 25-nji ýanwaryndan 31-nji ýanwaryna çenli dowam etdi. Şu gije sagat 00:00-da ses berlişik tamamlanyp, saýtyň redaksiýasy tarapyndan sosial aragatnaşyk ulgamlarynyň üçüsinde dalaşgär görkezilen 30 futbolça berlen sesleri sanady. Biz LINE, «vkontakte» we «odnoklassniki» sosial-aragatnaşyk ulgamlaryndaky resmi sahypalarymyzda söýgüli futbolçylaryna ses beren ähli okyjylarymyza hoşallyk bildirýäris.

Şeýlelikde, saýtymyzyň okyjylarynyň ses bermeginde, Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň we «Balkan» toparynyň 22 ýaşly goragçysy Mekan Saparow üçünji orna mynasyp boldy. Mekan biziň sosial-aragatnaşyk ulgamlarymyzyň okyjylary tarapyndan sesleriň 213-sini gazandy. Şol sanda goragça «vkontakte»  arkaly 58, «odnoklassniki» arkaly 25, «Line» arkaly bolsa 130 okyjy ses berdi. Umumylykda üçünji orna mynasyp bolan hem bolsa, Mekan biziň «odnoklassniki» sosial-aragatnaşyk ulgamyndaky resmi hasabymyzda iň kän ses alan futbolçydyr.

Ikinji orna  milli ýygyndymyzyň we Özbegistanyň «Almalyk» toparynyň ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanow mynasyp boldy. Janköýerlerinden jemi 746 ses alan Arslanmyrat şol sesleriň 101-ni «vkontaktdaky», 4-sini «odnoklassnikidäki» we 641-ini «Line-daky» resmi sahypamyzda gazandy. Şu maglumatlardan hem görnüşi ýaly, tejribeli ýarym goragçyny, esasan, «Line» ulanyjy janköýerleri goldadylar. Ol ses berlişige dalaşgär görkezilen 30 futbolçynyň içinde «Line» arkaly iň kän ses alan futbolçydyr.

Hormatly okyjylarymyz! Siziň BIRINJI ORNA mynasyp gören futbolçyňyz bolsa Ruslan MINGAZOW boldy. Ol diňe «Vkontakdaky» ses berlişikde 2166 ses gazanyp, beýleki futbolçylardan has öňe saýlandy. Ýaryşymyzyň ýeňijisini «odnoklassnikide» 13, «Line-da» 514 adam goldady. Şeýlelikde, R.Mingazowyň janköýerlerden jemi gazanan sesi 2693-e deň boldy.

Şu gün sagat 16:00-da «Turkmenportalyň» ofisinde ýeňijä saýtyň redaksiýasy tarapyndan baýrak gowşurylyş dabarasy bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň