Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

23:1430.01.2016
0
4869

30-njy ýanwarda Aşgabatda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi boldy. 

Onuň gün tertibine toparyň 2015-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerini ara alyp maslahatlaşmak, geljekde öňde durýan möhüm wezipeleri we ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Bellenilişi ýaly, deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk we milli hem-de umumy bähbitler esasynda ýola goýulýan gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we ylalaşygyň berkidilmeginiň, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň bähbidine Hazarýaka döwletleriniň netijeli gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny ugur edinýär. Şeýle hem ýurdumyz geljek nesiller üçin tebigy serişdeleri goramak we ösdürmek baradaky  bilelikdäki möhüm taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň