Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

00:3329.01.2016
0
3050

28-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň  aýdan mähirli sözlerini ýetirdi hem-de Russiýanyň Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine bolan çuňňur gyzyklanmalaryny mälim etdi.

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri türkmen Liderimiziň işjeň daşary syýasat strategiýasyna we döwrüň talabyna laýyk gelýän hem-de parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň,   şol sanda üstaşyr energiýa göterijileriň ygtybarlylygynyň üpjün edilmegine, ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlaryna  ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlaryny  goldaýandygy üçin Russiýa tarapyna minnetdarlyk bildirdi we şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy netijesinde öňde durýan möhüm wezipeleriň oňyn çözgüdini tapmak mümkindigini nygtady.

Gönüden-göni ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňe geçmek bilen, türkmen Lideri we Russiýanyň daşary işler ministri iki dostlukly ýurduň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler we  ozal gazanylan ylalaşyklary, şol sanda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň geçen ýylyň  noýabr aýynda Tähranda geçirilen gazy eksport edýän ýurtlaryň  forumyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň barşynda bolan duşuşygynyň çäklerinde  gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, dürli derejedäki däp bolan gatnaşyklary, şol sanda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taraplaryň aýratyn ähmiýet berýändigi aýdyldy.

Türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň işjeň strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutany we Russiýanyň daşary işler ministri iki dostlukly ýurduň bähbidine laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçy düzümine Türkmenistana sapar bilen gelip görmäge bolan çakylygyny tassyk etdi.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.

***

Şeýle hem şol gün Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşygy boldy. Onuň jemleri boýunça şu ýylda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy boldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň