Soňky habarlar

Arhiw

Zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

01:1828.01.2016
0
10014

Paýtagtymyzyň Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde birinji liga girýän zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýaryşlar diňe çempionlyk derejesi ugrunda däl-de, eýsem ýokary milli sport ligasyna ýollanmalar ugrunda hem geçirildi. Şol ýollanmalara ussat türgenleriň sekizisi mynasyp boldy.

2016-njy ýyl tutuş dünýäniň küştçüleri üçin Olimpiýa ýylydyr. Şu ýylyň güýzünde Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde 42-nji Bütindünýä küşt olimpiadasy geçiriler. Oňa dünýäniň 175 ýurdundan küştçüleriň 2 müňe golaýy gatnaşar. Türkmenistanyň ýygyndy toparyndaky orunlara dalaş edýänleriň düzümine birinji liganyň ýaryşynyň güýçli türgenleriniň sekizisi hem girýär.

Ýaryşlar aýratyn ýiti we çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Oňa gatnaşanlaryň hatarynda öňdebaryjy küştçi göze ilmedi. Döwleriň ählisi diýen ýaly ýeňiş tapgyryna çenli oýnaldy we diňe seýrek halatlarda bäsdeşler deňme-deňlige ylalaşdylar. Şonuň üçin jemleýji tapgyryň öň ýanynda küştçüleriň birbada birnäçesi çempionlyk adyna dalaş etdiler.

Zöhre Astanowa, Leýla Möminowa (ikisi hem Lebap welaýatyndan) we Jeren Öwezowa (Aşgabat) dagy jemleýji tapgyryň öň ýanynda sekiz utukdan toplap, öňe saýlandylar. Soňky oýunda birinji ornuň ykbalyny ýurdumyzyň Gündogar welaýatynyň wekilleriniň duşuşygy çözdi. Şonda kyn, emma ajaýyp ýeňşi Z.Astanowa gazanyp, öz bäsdeşi L.Möminowa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmaga mümkinçilik berdi.

Ikinji orny Mary welaýatynyň toparyndan FIDE-niň ussady Maýagözel Babaýewa eýeledi, bu garaşylmadyk ýagdaý body, sebäbi ol jemleýji tapgyryň öň ýanynda 7,5 utuk bilen dördünji orunda barýardy. Marynyň Ýeňil atletika boýunça ýöriteleşdirilen sport mekdebiniň direktory M.Babaýewa jemleýji oýunda Lebap welaýatyndan gelen Aknur Işangulyýewany ýeňmegi başardy. Bu oýun ýaryşyň barşynda iň dowamly oýunlaryň biri bolup, ol 4 sagada golaý dowam etdi.

Ýurdumyzyň şu gezekki ýaryşynda ussat küştçüleriň üçüsinden başga-da, Türkmenistanyň ýokary milli toparynyň düzümine Jeren Öwezowa (4-nji orun), Aýnur Isaýewa (5-nji orun), Bibihanapiýa Ödäýewa (6-njy orun) hem-de uýalar Merjen (7-nji orun) we Maýa (8-nji orun) Ýalkanowalar girdiler. Olar indi aprel aýynda paýtagtymyzyň Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçiriljek ýaryşa taýýarlyk görerler. Şol ýaryşyň netijeleri boýunça Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşjak milli ýygyndy toparyň zenanlar düzümi kesgitleniler.

Türkmen küştçüleri üçin esasy sport synagy 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň barşynda bolar. Şonuň üçin her bir milli we halkara ýaryşlary 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Oýunlara taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry bolup durýar. Olara ýaryşlaryň tutuş taryhynyň dowamynda ilkinji gezek diňe Aziýa sebitiniň däl-de, eýsem Okeaniýa sebitiniň hem ýurtlary gatnaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň