Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary hünär baýramçylygy bilen gutlady

01:1728.01.2016
0
9786

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda  Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 24 ýyllygyna hem-de Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Dabara gatnaşyjylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk arkaly şanly sene bilen gutlady.

Dabaraly maslahatyň öň ýanynda harby gullukçylar gahryman pederlerimiziň watançylyk sargytlaryna hormat goýmagyň nyşany hökmünde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna gatnaşyp, mähriban halkymyzyň azatlygy we garaşsyzlygy  ugrundaky söweşlerde olaryň görkezen edermenligine çäksiz sarpa goýýandyklaryny beýan etdiler.

Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Ýaragly Güýçleriň  düzüminiň serkerdelerinden başga-da, ýaş esgerler—söweşjeň  taýýarlygyň öňdebaryjylary, şeýle hem harby talyplar  gatnaşdylar.

Bu ýerde uly teleekrandan dabara gatnaşyjylara göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýüzlendi.

Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda Berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öz Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna örän jogapkärli wezipäni — ata Watanymyzy goramagy ynanandygyny nygtady.

Şoňa görä-de, siz hemişe harby borjuňyzy ak ýürek bilen berjaý edip, Watana we harby kasama wepaly bolmagyň belent nusgasyny görkezmelisiňiz. Mähriban halkymyzyň Watany söýmek, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly belent häsiýetlerini mynasyp dowam etdirmelisiňiz diýip, milletiň Lideri belledi.

Döwlet Baştutany ähli harby gullukçylary ýurdumyzda giňden bellenýän  Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 24 ýyllyk baýramy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes harby gullugy berjaý etmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Dabara gatnaşyjylar jogap edip, “Belent Serkerdebaşa şöhrat!” diýen şygary  dowamly gaýtaladylar.  

Soňra Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 24 ýyllygy hem-de Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady.

Dabara gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly bolmak baradaky kasamyň sözlerini agzybirlik bilen gaýtalaýarlar.  

Türkmen döwletiniň Baştutany Watan goragçylaryna ýüzlenip, olary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 24 ýyllyk  baýramy hem-de Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Milletiň Lideriniň gutlagy “Ura! Ura! Ura!” diýip, dowamly gaýtalanmak bilen garşylandy.

Soňra dabaraly maslahat dowam etdi. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň harby gullukçylaryna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Dabarada oňa gatnaşyjylaryň birnäçesiniň çykyşlary diňlenildi.

Soňra harby gullukda tapawutlanan serkerdelere, harby gullukçylara dabaraly ýagdaýda  sylaglar gowşuryldy. Dabaranyň dowamy baýramçylyk konsertine utgaşyp gitdi. Bu ýerde ýurdumyzyň meşhur estrada ýerine ýetirijileri, aýdym-saz toparlary öz çykyşlarynda olary baýramçylyk bilen gutladylar. Şeýle hem harby gullukçylaryň öz aýdym-saz toparlary hem joşgunly watançylyk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň