Soňky habarlar

Arhiw

Çar ýandan tehnologiýa täzelikleri

14:4427.01.2016
0
2608

HYTAÝ ŞEREKETINDEN “BLUBOO XWATCH”

Tehnologiýa bazarynda giň gerime eýe bolan akylly sagatlaryň önümçiligi barha ýokarlanýar. Şol bir wagtda bu enjamyň önümçiligini ýola goýan şereketleriň sany hem artdy. Bu ugurda hytaýly öndürijiler hem çetde durmaýarlar. Bulardan biri bolan “Bluboo” şereketi, geljek aýyň içinde “Xwatch” ady berlen “Android Wear” iş ulgamy arkaly hereket edýän akylly sagadyny köpçülige ýetirmegi meýilleşdirýär. Bahasynyň 99 amerikan dollaryna barabar bolmagyna garaşylýan sagatda ünsi birnäçe aýratynlyklar göze ilýär. Esasan hem, enjamyň daşky görnüşini üýtgetmek mümkinçiligi has-da bellärliklidir. “MediaTek MT2601 1.2 GHz” hereketlendirijisi, 512 RAM göterijisi, 4 gigabaýt maglumat saklaýjy ýady, 1.3 inçlik 360×360 piksel ölçegindäki ýokary duýujylykly sensor ekrany we 480 mAh göwrümli batareýany özünde jemleýän sagadyň göwrümi 9.8 mm galyňlygyndadyr. Berilýän maglumatlara görä, sagat “Bluetooth 4.1” baglanyşygy arkaly akylly telefonlar ýa-da tabletler bilen baglanyşyp bilýär. Şeýle hem, akylly enjamda GPS, barometr we şuňa meňzeş birnäçe mümkinçilikler hem ýer alypdyr. Ýöne beýleki akylly sagtlardan tapawutlylykda munda SIM kart oturdylýan ýeri ýok, emma Wi-Fi ýardamy arkaly internete baglanyşmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.

ÝAPONLARDAN TÄZE TEHNOLOGIÝA

Ýapon tehnologiýa enjamlaryny öndürijileri islän mahalyňyz gözden gaýyp bolmak mümkinçiligini özünde saklaýan bir ekrany döretmek bilen hemmeleri haýran galdyrmagy başardy. “Panasonic” şereketi ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde geçirilen “CES 2016” şüweleňinde köpçüligiň dykgatyna ýetiren ekran taslamasy arkaly, zerur bolan halatynda arkasyny hem görmäge mümkinçilik berýän telewizory öndürdi. Şereketiň täze ekran tehnologiýasy “ekran görüş ulgamy”  bilen “ekranasty görüş ulgamy” arasynda geçiş etmek bilen, ulanyjylaryň zerur halatynda ekranyň arkasyndaky zatlary hem görmeklerine şert döretdi. Ekranyň dürli buýurmalary ýerine ýetirme mümkinçilikleri hem ýeňilligi hem-de ýönekeýligi bilen täsir galdyrýar. Ulanyjylar islegine görä, täze tehnologiýaly telewizory uzakdan dolandyryjy bilen bir hatarda, el hereketleri ýa-da ses tolkunlary arkaly buýurmalary ýerine ýetirip bilerler. Entäk kämilleşdirme tapgyrynda bolan bu ekranlar “CES 2016” şüweleňiniň iň ajaýyp täzeliklerinden biri hökmünde gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

 

 

“BARMAK YZYNY TANAMA” TEHNOLOGIÝASY

“Qualcomm” şereketiniň “CES 2016” şereketinde hödürlän täze barmak yzyny tanama sensory “Sense ID”, barmak yzy tehnologiýasynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir. “iPhone 5s” akylly telefonynda ýerleşdirilenden soň, bu enjamlarda adaty ýagdaýa gelen barmak yzyny okaýjylar, howpsuzlyk babatynda hem garaşylýan netijäni berdi. Şol bir wagtda, hödürleýän ygtybarly howpsuzlygynyň ýany bilen barmak yzyny okaýjy tehnologiýa, gündelik durmuşymyzda hem uly ýeňillikleri üpjün edýär.
Häzirki wagtda akylly telefonlarda ulanylýan barmak yzyny okaýjy sensorlary has-da kämilleşdirmek we gorag howpsuzlygyny ýokarlandyrmak ugrunda işler alnyp barylýar. Bu meselede “Qualcomm” şereketi yzygiderli täzelikleri ornaşdyrmak bilen, has ygtybarly bir ulgamy orta goýmagy başardy. Soňky gezek hem şereket “Sense ID” adyny beren bu tehnologiýasyny “CES 2016” şüweleňinde täzelikleri bilen köpçülige hödürledi. “Sense ID” atly barmak yzyny okaýjy ulgam, barmak yzyny ultrasonik ses tolkunlary arkaly karta geçirýär. Şeýlelikde goýulan barmak yzy kartasy, görüşe bagly ulgamlara görä has ýokary howpsuzlygy hödürleýär. “Qualcomm”, bu enjamy arkaly hakerleriň işini kyn ýagdaýda goýmaga çalyşýar. Ýokary ygtybarlylygy we howpsuzlygy hödürleýän bu tehnologiýasyny şereket “Apple”, “Samsung” we  HTC ýaly kompaniýalaryň enjamlarynda ulanmagy maksat edinýär.
 
“APPLE” WE “SAMSUNG” BÄSDEŞLIGI

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän “Apple” şereketi bilen Günorta Koreýanyň “Samsung” şereketi häzirki döwrüň tehnologiýa dünýäsiniň iň uly bäsdeşleri hökmünde bellidir. Ýakynda “Apple” şereketiniň akylly enjamlar ugrunda ýene-de bir täzelik ekjekdigi, ýagny akylly ýüzükleriň önümçiligine girişjekdigi mälim edilipdi. Bu habarlaryň yzysüre Günorta Koreýaly şereket hem bu ugurda herekete geçdi. Şu ýagdaýdan görnüşi ýaly tehnologiýa äleminiň ähli ugurlarynda özara bäsleşýän iki şereket, indi “akylly ýüzük” bäsdeşligine girişdi. “Apple”-niň akylly ýüzük önümçiligi üçin iş alyp barýandygyny bilen “Samsung”, dessine herekete geçip, gerekli patentleri aldy. “Samsung”-yň alan rugsatnamasyna görä, şereketiň akylly ýüzügini öý awtomatik ulgamlaryna gözegçilik etmek üçin ulanmak mümkin bolar. Şeýle hem bu akylly ýüzük akylly telewizor, ses ulgamlary we ýagtylandyrma ugurlarynda sazlamalardyr, buýurmalary ýerine ýetirmäge ukyply bolar.
 


“DELL”-IŇ GIBRID KOMPÝUTERI

“Dell” şereketi “Windows” iş ulgamy arkaly işleýän gibrid noutbuk kompýuterleriniň üstüne ýene-de birini goşdy. Täze “Dell Latitude 12 7000” kysymly gibrid noutbuklary 12.5 inç ekranly we “Intel Core M Skylake” hereketlendirijisi bilen birlikde müşderilere hödürlendi. Şeýle hem, täze enjam iki tapawutly klawiatura görnüşi bilen, ýagny hem düwmeli, hem sensor klawiaturalaryny ulanmak mümkinçiligini hem hödürleýär. “Intel Core M7” hereketlendirijisi arkaly işleýän görnüşde iki sany Thunderbolt 3 porty we 4 K ölçegli ekrany esasy aýratynlyklary hökmünde aýdylýar. Şeýle-de, bu noutbuk görnüşinde 1920 x 1080 piksel durulygyndaky ekran, 128 gigabaýt maglumat saklaýjy ýady, “Core m3-6Y30” hereketlendirijisi, 4 gigabaýt DDR3 160 MHz RAM göterijisi göz öňünde tutulypdyr. Tablet-noutbuk gibridi Wi-Fi, “Bluetooth 4.1”, 30 Watt/sagatlyk batareýasy, microSDXC kart ýerleşdirilýän ýeri ýaly arabaglanyşyk mümkinçiliklerini hem özünde saklaýar. Bilşimiz ýaly, “Dell” kysym kompýuterleri, görnüşleriniň aglabasynda ýazgy we çyzgy işleri üçin ulanylýan işjeň ekran galamyny hem hödürleýär. Bu tablet klawiaturasyz 29.21 x 19.30 x 0.76 sm ölçeglere we 725 gram agyrlyga eýedir. Inçe klawiaturasy bilen birlikde galyňlygy ortaça 1.8 sm-e, agyrlygy 1.4 kilograma ýetýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň