Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda gar ýagdy

20:3726.01.2016
0
8405

26-njy ýanwarda günüň ikinji ýarymynda Aşgabatda 2016-njy ýylyň ilkinji gary ýagdy. Umuman, paýtagtda ýagynly howa 25-nji ýanwarda başlap, şol gün uzynly gün gün ýagyş ýagdy. Garyň ýagyp başlamagy bilen, paýtagtda birnäçe günläp dowam eden maýyl howa öz ornuny sowuk howa berip başlady. Agşam sagat 20:00-a çenli howanyň temperaturasy 1 gradusa çenli düşdi. Garly howanyň 27-28-nji ýanwarda hem dowam etmegine garaşylýar. Howanyň temperaturasy bolsa gijelerine -4, -5 gradusa çenli sowap biler. Umuman, şu hepde Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýagynly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň ahyrynda ýagynly günler tamamlanyp, howa ýene-de 5 gradusa çenli maýlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň