Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

09:5826.01.2016
0
4165

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary gatnaşdy. Maslahatda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow sebitde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler hem-de gurulýan, ilkinji nobatda, ýakyn wagtda tabşyrmaga bellenilen dürli ähmiýetli desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar aýdyldy. Mundan başga-da, häkim arassaçylygy has-da pugtalandyrmak, awtoulaglaryň gurat, arassa bolmagyny gazanmak maksady bilen, sürüjilere amatly şertleri döretmek üçin döwrebap awtoýuwalgaly awtohyzmat nokadyny gurmagyň taslamasyny görkezdi.

Milletiň Lideri oba hojalygyna degişli birnäçe tabşyryklar bilen birlikde awtoulaglara hyzmat etmek boýunça tehniki merkeziň taslamasyny, umuman oňlap, ýakynlaşyp gelýän Döwlet baýdagynyň güni  baýramçylygyny guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew sebitiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler, şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde welaýatda gurulýan desgalar, şol sanda  ýakynlaşyp gelýän Döwlet baýdagynyň gününe gabatlanyp, ulanmaga tabşyryljak desgalar barada hasabat berdi.   

Döwlet Baştutany häkime  2016-njy ýyl üçin bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilişine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy, şeýle hem Döwlet tugunyň hormatyna baýramçylyk çärelerini guramak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. 

Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalar, olary Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe ulanmaga bermegiň meýilnamalary barada habar berildi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew sebitiň oba hojalyk toplumynda häzirki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň senagat düzümini we durmuş ulgamyny yzygiderli ösdürmek maksadynda alnyp barylýan işler, hususan-da, ýakynlaşyp gelýän Döwlet baýdagynyň gününe gabatlanyp açyljak desgalar barada habar aýdyldy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde işleriň ýagdaýy barada aýdyp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim sebitde Döwlet baýdagynyň gününe gabatlanyp açyljak dürli ähmiýetli desgalarda işleriň ýagdaýy barada aýtdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtymyzy has-da ösdürmek, onuň binagärlik keşbini özgertmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem, şanly seneleriň öň ýanynda ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri  ýurduň welaýatlarynda, paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ulgamlaýyn we anyk meýilleşdirilen bolmalydygyny aýratyn nygtap, bu babatda wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.  

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda    goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew çykyş etdi. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze Harby doktrinasy hakyndaky”,  Watan goragçylarynyň güni mynasybetli “Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky” hem-de “Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylaryna harby atlary dakmak hakyndaky” Permanlara gol çekdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň