Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempiony — Balkan welaýatynyň iň gowy türgeni

10:0825.01.2016
0
8409

Belli türkmen şaşkaçysy Amangül Berdiýewa 2015-nji ýylyň jemleri boýunça Balkan welaýatynyň iň gowy türgeni diýlip yglan edildi. Bu derejede oňa welaýatyň sport baradaky komiteti tarapyndan berildi.

28 ýaşly halkara derejeli grossmeýster, Balkabat şäherindäki şaşka mekdebiniň hünärmeni Amangül Berdiýewa geçen ýyl Uelsiň Naýton şäherinde nusgawy görnüşdäi iňlis-amerikan şaşkasy boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi.

Amangüliň şaşka bolan höwesi mekdep ýyllarynda döräp başlady, onuň ilkinji halypalary bolsa, mähriban ata-enesi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Hojadurdy we Gülnabat Durdyýewlerdir. Irginsiz yhlasyň netijesinde ol şaşka boýunça kämilligiň ýeňil bolmadyk ýollaryny geçdi. Amangül eýýäm 11 ýaşynda sport ussatlygyna dalaşgärlige ýetdi. 14 ýaşynda bolsa Minsk şäherinde 15 döwletden 16 ýaşdan uly 34 türgeniň gatnaşmagynda 100 öýjükli şaşka boýunça geçirilen dünýä birinjiliginde iki ýeňiş gazanyp, bäş duşuşygy hem deňme-deňlikde tamamlap, bürünç medala mynasyp boldy. A.Berdiýewanyň üstünlikli çykyş eden halkara ýaryşlarynyň hatarynda Irlandiýadada 2004-nji ýylda geçirilen dünýä çempionaty, 2003-nji ýylda London şäherinde geçirilen Intellektual oýunlaryň bütindünýä Olimpiadasy, Pekinde geçirilen Iintelliada, Lill şäherinde geçirilen II Intelliada we beýlekiler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň