Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy

0
757
0
0

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Panamadan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen  awtobenzini, nebit koksyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Beýik britaniýaly işewürler  Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň göni arassalanan benzinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna  arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta süýümi satyldy. Olary Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Beýik Britaniýadan,

Türkiýeden, Singapurdan, Gruziýadan, Gyrgyzystandan we beýleki  ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi  bahasy ABŞ-nyň 32 million 216 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Türkiýäniň, Slowakiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 4 million 342 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 63 müň  manatlyk  azyklyk dänäni satyn aldylar.

 “Türkmenistan: hepdäniň wakalary”, TDH. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru