Arhiw

"Täze zaman" obasynda täze ýollar we köprüler gurlar

23:0724.01.2016
0
6534

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 22-nji ýanwardaky mejlisinde Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň “Täze zaman”  obasynyň ulag düzümini abadanlaşdyrmak, hususan-da, döwrebap awtomobil ýollary we köprüleri gurmak boýunça   teklipler hödürlendi. Şol teklipler döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanyldy.

Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň “Täze zaman”  obasyna barýan ýoluň ugrunda uzynlygy 90 metre barabar bolan asma awtomobil köprüsini gurmak meýilleşdirilýär. Ini 33 metre barabar bolan köpri arasy kesiji zolakly, ikitaraplaýyn gatnawly, her tarapda üç sany hereket edýän zolakdan ybarat bolar.

Şeýle hem  uzynlygy 49 kilometre we ini 47 metre barabar bolan Aşgabat-Gökdepe  sowma awtomobil ýolunyň hem durkuny täzelemek we demir ýoluň üstünden geçýän uzynlygy 108 metr we ini 42 metr bolan awtomobil köprüsini gurmak boýunça teklipler hödürlenildi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, oba ýerlerini abadanlaşdyrmak we olaryň  ulag düzümini mundan beýläk-de  döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere berk gözegçiligi amala aşyrmagyň wajypdygyny nygtap, geçirilýän işleriň halkara  standartlarynyň talaplaryna berk laýyk gelmegi barada wise-premýere  tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň