Türkmenistana A/H1N1 dümew keseliniň geçmeginiň öňüni almak çäreleri güýçlendirilýär

12:0423.01.2016
0
4210

Dünýäniň köp ýurtlarynda A/H1N1 dümew keseliniň  ýygy-ýygydan gabat gelýändigi sebäpli, Türkmenistanda dümew we beýleki ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreler güýçlendirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda dümew keselleriniň howply görnüşleri hasaba alynmaýar, adatça, möwsümleýin duşýan dümew keselleri bolsa ýaýramak derejesinden geçmeýär. Howply keselleriň peýda bolmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, hereket etmegiň maksatnamasy kabul edildi.  Arassaçylyk — gigiýena gözegçiliginiň derejesi güýçlendirildi. 

Geçen ýylyň dekabrynda ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşýän ýörite toparyň mejlisi geçirildi, onda möwsümleýin dümew keselleriniň  öňüni almagyň meselelerine garaldy. Ilatyň arasynda, aýratyn hem bilim-terbiýeçilik edaralarynda  düşündiriş çärelerinden başga-da, dümewe garşy sanjym geçirmek öňüni alyş çäreleriniň möhüm serişdesi bolup durýar.

Türkmenistana howply ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen, Aşgabat we Türkmenbaşy şäherleriniň Halkara howa menzillerinde, şeýle hem Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menzilinde lukmançylyk gözegçiligi güýçlendirildi. Howa we deňiz menzillerinde  gyzgynlygy aralykdan ölçeýän skanner enjamlary işleýär, daşary ýurtlardan gelýän raýatlaryň, şol sanda daşary ýurt raýatlarynyň saglyk ýagdaýyna ünsli gözegçilik edilýär. Saglygy bejeriş, öňüni alyş we beýleki saglygy goraýyş edaralarynda hem zerur çäreler görüldi. Olar zerur bolan derman serişdeleri hem-de dümewe garşy serişdeler bilen üpjün edildi. Saglygy goraýyş baradaky pudagara toparynyň yzygiderli geçirilýän maslahatlarynda ähli çäreleriň netijeliligi seljerilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 22-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dümewiň we beýleki howply ýokanç keselleriň öňüni almak meselelerine ünsi güýçlendirmegi talap edip, ýurdumyzda howply keselleriň aralaşmagyna ygtybarly böwet goýjak öňüni alyş çäreleriň tutuş toplumynyň amala aşyrylmagyna berk gözegçiligi üpjün etmegi talap etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň