Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň ýol düzüminiň ýagdaýy bilen tanyşdy

11:4723.01.2016
0
2835

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna sapary tamamlanandan soň Aşgabada gelip, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň ýanynda gurluşygy alnyp barylýan täze binalaryň birnäçesinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem bu künjekde gurulýan ýol düzüminiň desgalarynda işleriň barşy bilen tanyşdy.

Hususan-da, Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrundaky awtomobil köprüsini synlap, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkiminiň, desganyň buýrujysynyň we potratçysynyň adyna gurluşyk işiniň hiliniň pesligi we tasamanyň tehniki ölçegleriniň ýerine ýetirilmeginde goýberilen näsazlyklar, olaryň halkara ülňülere laýyk gelmeýändigi sebäpli, düýpli nägilelik bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz kemçilikleri düzetmek hem-de desganyň şunuň ýaly inženerçilik düzümlerine bildirilýän häzirki zaman gurluşyk kadalaryna laýyk getirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda we  ýurdumyzyň sebitlerinde gurulýan täze binalaryň ählisinde geçirilýän işlere  gözegçiligi güýçlendirmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi we diňe işe jogapkärçilikli çemeleşmegiň öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlik gazanmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirip, bu ýerden ugrady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň