Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň kenarýaka zolagynda gezelenç etdi

07:5922.01.2016
1
7775

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gysga wagtlyk dynç alyşda bolmagynyň çäklerinde Hazar deňziniň kenarýaka zolagy boýunça gezelenç etdi.

Ir bilen döwlet Baştutany gämi duralgasyna geldi. Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde egindeşleri bilen “Galkynyş” gämisine münüp, deňiz giňişligi boýunça gezelenç etdi.

Deňiz giňişligi boýunça guralan gämili gezelençden soň, döwlet Baştutany egindeşleri bilen Awaza derýasynyň kenarynda ýerleşýän “Akmaýa” dabaralar merkezinde çaý başynda söhbetdeşlik gurady. Onuň barşynda türkmen kenarynda geçirilýän özgertmeleriň wezipeleri barada gürrüň edildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti egindeşleri bilen bilelikde Awaza derýasynyň kenarynda pyýada gezelenç etdi. Bu ýerde döredilýän gök zolaklar, seýilgähler we gezelenç ýodalary daşky gurşawyň ýaramlylyk derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir etmelidir diýip, döwlet Baştutany belledi.

Döwlet Baştutany gezelenç etmegiň barşynda köp sanly dynç alýanlara häzirki zaman hyzmatlarynyň doly toplumyny hödürlemegiň hem-de ýokary derejeli amatlyklary döretmegiň wajyp şertdigini belledi. Bu ýerde maşgala bolup dynç almaga gyzyklanma bildirýän adamlaryň sanynyň artýandygyny nazarda tutup, ulular üçinem, çagalar üçinem zerur şertleriň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir. 

Soňra milletiň Lideri gezelenjini egindeşleri bilen Awaza derýasy boýunça gämide dowam etdi. Ýol ugrunda döwlet Baştutany milli syýahatçylyk zolagynyň desgalaryny we täze gurluşyklaryny gözden geçirdi. Şol gurluşyklar bolsa bu ýerde köpugurly şypahana düzüminiň okgunly döredilýändigine şaýatlyk edýär. Bu ýerden, derýadan Awazanyň ajaýyp görnüşi açylýar. Kaşaň myhmanhanalar  we abadanlaşdyrylan dynç alyş zolaklary Awazanyň keşbine özboluşly öwüşgin çaýýar.

Awazanyň kenarýaka zolagy boýunça gezelenç tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri  bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň