Türkmen küştçüleri Hindistanda geçirilen halkara ýaryşda iki medal gazandylar

0
599
14
0

Türkmen küştçüleri täze ýylda ýurdumyzyň türgenleriniň arasynda ilkinjiler bolup dünýä derejesindäki ýaryşlarda özleriniň ýeňişlerini gazandylar. Olar Hindistanyň paýtagty Deli şäherinde geçirilen halkara grossmeýsterleriň 14-nji açyk ýaryşynda  bir altyn we bir kümüş medal gazandylar. Milli ýygyndymyzyň düzüminde Aşgabat küşt sport mekdebiniň wekilleri tapawutlandylar. 16 ýaşa çenli toparda Allaýar Şirliýew ýeňiş gazanan bolsa, zenan küştüçileriň arasyndaky ýaryşda Annagül Abdyllaýewa ikinji baýrakly orna mynasyp boldy.

Ýaryşa 20-ä golaý ýurtdan — Russiýadan, Beýik Britaniýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Italiýadan, Türkiýeden, Eýrandan we beýleki ýurtlardan 1800-den gowrak türgen gatnaşdy. Olar 3 topara bölündiler. Ildeşlerimiz “S” toparda üstünlik gazandylar. Bu toparda türgenleriň 1053-si çykyş etdi.  Şeýle ýaryşlar üçin bu rekord netijedir. Ol küştçüler şweýsar ýaryş usulynda 10 tapgyrda güýç synanyşdylar.

Açyk ýaryşlarda türgenler ýaş we gender toparlaryna bölünmeýärler. Duşuşyklar diňe garyşyk toparda geçirilýär. Hut şu sebäpli hem, bu gadymy paýhas oýnunyň ýaşajyk ussatlary bolan ildeşlerimiziň dünýäniň küşt boýunça öňdebaryjy ýurtlaryna wekilçilik eden örän tejribeli küştçüler bilen bolan duşuşyklarda özlerini iň oňat tarapdan görkezendikleri has-da begendirýär.

Ýaryşda Allaýar Şirliýew 8 döwde ynamly ýeňiş gazandy we diňe iki duşuşykda ýeňildi. Ýeri gelende aýtsak, onuň garşydaşlary ýaryşy guraýan ýer eýeleriniň toparynyň wekilleri boldy. Mälim bolşy ýaly, küşt oýnunda hindi usuly häzirki döwürde dünýä ýüzünde iň bir netijeli usul  hasaplanylýar. Muny dünýäniň birnäçe gezek çempiony, ýurdunda özüniň ýörite işläp düzen usuly boýunça yzygiderli sapaklar geçirilýän müňe golaý küşt mekdeplerini esaslandyran Wişwanatan Anand aýdyň subut etdi.

Ýöne ýaş küştçi A.Şirliýew hem ýeňşe getirýän islendik oýnuň garşysyna, 64 öýjükli küşt tagtasynda has netijeli garşylyklaýyn hüjümleri geçirip, ýeňiş gazanmagyň mümkindigini subut etdi. Allaýar oýunda aýlawly alyş-çalşykly usul bilen meýdan artykmaçlygyny gazanmak usulyny üstünlikli utgaşdyrýar.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewden tälim alýan, mundan üç aý ozal 12 ýaşyny dolduran aşgabatly ýaş küştçiniň 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda ýeňiş gazanmagy hem bellärliklidir. Hindistanda geçen bu ýaryş Allaýaryň gatnaşan ilkinji halkara ýaryşydyr. Munuň özi bolsa ýetginjek küştçimize täze sepgitlere ýetmek üçin oňat tejribe bolup hyzmat eder.

Annagül Abdyllaýewa alty döwde ýeňiş gazanyp, iki duşuşykda deň oýnady we iki oýunda utuldy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Baýramsähedowyň 16 ýaşly şägirdine dünýä belli küştçüleriň garşysyna oýnamak ýeňil düşmedi. Ýöne bu biziň ildeşimiziň howuny basmady. Ol ýaryşlaryň aglabasynda ýeňiş gazanmagy başardy. Aşgabatly bu küştçiniň halkara ýaryşlara gatnaşmak boýunça tejribesi bar. Ol 2014-nji ýylda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň mekdepleriň arasynda medeni-sport gözden geçirilişinde milli ýygyndymyzyň düzüminde çykyş edip, toparlaýyn ýaryşlarda altyn medala, şahsy bäsleşiklerde bolsa bürünç medala mynasyp bolupdy.

Ýöne ol ýaryşda ildeşimiziň garşydaşlary öz deň-duşlary bolan bolsa, Hindistanda geçen grossmeýsterlik ýaryşynda Annagül ýokary halkara derejeli, has tejribeli ussatlaryň garşysyna göreşdi. Ol özüniň şeýle derejeli ýaryşda ilkinji gezek çykyş edýändigine garamazdan, medallara dalaşgärleriň müňlerçesinden ozup, öňdäki orunlara çykmagy başardy. Zenanlaryň arasynda birinji orny eýelän hindistanly küştçi ildeşimizden bary-ýogy ýarym utuk ozdy.

Birinji derejeli küştçüler Allaýar Şirliýewiň we Annagül Abdyllaýewanyň bu gazanan üstünlikleri olara “sport ussatlygyna dalaşgär” derejesiniň talaplaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Indi bu küştçülerimiziň öňünde, ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda fewralda geçiriljek  ýaryşa taýýarlyk döwri başlanýar. Bu ýaryşlaryň netijesinde küşt boýunça 8-den 18  ýaşa çenli ýaş  toparlarynda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş etmek üçin milli ýygyndy toparymyzyň düzümi kesgitleniler. Dünýä çempionaty aprel aýynda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda geçer.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru