Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Awazada täze sport toplumlarynyň taslamalary bilen tanyşdy

09:5221.01.2016
0
4045

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda  Hazar deňziniň gözel kenarynda emele gelýän dünýä derejesindäki ajaýyp şypahana bilen tanyşdy. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ilki bilen, “Awaza” köpugurly sport toplumyna geldi. Bu ýerde Hazar deňziniň türkmen kenaryny döwrebap infrastrukturaly häzirki zaman şypahanasyna öwrüp, öz çäklerini ýyl geldigiçe giňeldýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dikeldilýän dürli maksatly desgalaryň ýörite taýýarlanan çyzgylary we şekilleri  ýerleşdirilipdir.  

Milletiň Lideri köpugurly sport toplumynyň taslamasy bilen tanyşdy, onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy - “Myradym”  hususy kärhanasy amala aşyrar. Toplumyň düzümine ýedi bina girýär. Olaryň biri basketbol, ping-pong, tennis, gandbol, woleýbol oýnamak hem-de gimnastika maşklary bilen meşgullanmak üçin niýetlenendir. 2 müň  tomaşaça niýetlenilen ikinji binada giňligi 25x50 metr we 20x25 metr ýüzülýän howuz binasy, belentlikden bökmek üçin  howuz binasy,  fitnes zal we bouling zaly, sauna hammamy, kafe, owkalaýyş otaglary we beýlekiler ýerleşdiriler.

Aýratyn bir bina fitnes maşklary, agyr atletika, gylyçlaşmak, boks, taýekwondo, dzýu-do, sambo, erkin we grek-rim göreşi, beýleki göreşiň başa-baş görnüşleri üçin niýetlenendir. Taslamada iki gatly Buzly köşgi gurmak göz öňünde tutulýar, onda hokkeý, kýorling oýnamak, figuralaýyn typmak üçin meýdançalar, şeýle hem kafe, VIP-zaly we münberli 2500 orunlyk meýdança bar, onda türgenler üçin sauna hammamy we dynç alyş otaglary ýerleşdiriler. Mundan başga-da, aýry-aýry üç binada işgärleriň iş otaglary, 150 orunlyk mejlisler zaly bolan edara binasy göz öňünde tutulandyr, ol köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň işlemegi üçin zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr we onda naharhana ýerleşýär, ýanaşyk çäklerinde bolsa basketbol, woleýbol, kiçi futbol oýnamak üçin açyk meýdançalar hem-de ýüzüş howzy gurnalar.

Şeýlelikde, bu iri sport toplumy diňe bir islendik derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin ukyply bolman, türkmen türgenleriniň okuw-türgenleşiklerini  geçirmekleri üçin ýurdumyzyň sportuň dürli görnüşleri boýunça milli toparlaryny dünýä, Aziýa, şeýle hem Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamakda möhüm  merkez bolup hyzmat eder.         

Tanyşdyryş çäresiniň barşynda fitnes boýunça belli nemes hünärmeni Bert Rouşenbah Türkmen döwletiniň Baştutanyna täze sport toplumynda gurnaljak abzallaryň we türgenleşik enjamlarynyň tehniki häsiýetnamalary we ulanylyş aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Awazada” “Polimeks türk kompaniýasy tarapyndan bina ediljek sagaldyş –dikeldiş merkeziniň taslamalary we çyzgy görnüşleri bilen tanyşdy. Kompaniýanyň wekili täze sagaldyş merkeziniň taslamasy barada döwlet Baştutanyna giňişleýin gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hödürlenen taslamalar bilen içgin tanşyp, binalaryň içki we daşky bezeglerine hem-de olaryň ýerleşdirilişine ünsi çekdi. Şunda milletiň Lideri ähli zatlary, gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini, reňk öwüşginlerini, sport meýdançalary üçin örtükleri, tomaşaçylar münberlerini gurnamak, binalary meýilleşdirmek üçin serişdeleri saýlap almaga çenli ähli zatlary içgin oýlanyşykly ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutany başga-da birnäçe tekliplerini aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly “Awaza” sport toplumynyň zallarynyň birinde türgenleşik geçip, dürli maşklary, şol sanda sport enjamlarynda dürli maşklary ýerine ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň