Daşoguz şäherinde telekeçileriň welaýat merkeziniň täze binasy gurulýar

0
246
313
0

Daşoguz şäherinde welaýatyň telekeçileri üçin merkeziň binasynyň gurluşygyna girişildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda bina edilýän döwrebap merkeziň gurluşygyny "Ynsan guwanjy" hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp barýar. Üç binadan ybarat toplumyň umumy tutýan meýdany 4 gektara barabardyr. Bäş gatly merkezi binada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň iş otaglary, welaýat "Rysgal" paýdarlar-täjirçilik bankynyň dolandyrmasy, telekeçileri okatmak mekdebi, telekeçiler üçin dürli otaglar we beýlekiler ýerleşer. Bu merkeziň gurluşygynda göz öňünde tutulýan 500 orunlyk "Toý mekany" dürli dabaralary geçirmäge mümkinçilik berer. Täze toplumyň daş-töweregine bezeg agaçlary, dürli güller oturdylar. Telekeçilik merkezini geljek ýylyň baharynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru