Soňky habarlar

Arhiw

Halaç şäherçesinde täze jaýlar eýelerine gowşuryldy

10:0619.01.2016
0
4828

Halaç şäherçesiniň günorta tarapynda, Türkmenabat - Atamyrat ulag ýolunyň ugrunda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň täze toplumy emele geldi. Iki gatdan ybarat kottej görnüşli jaýlaryň 4-si, bir gatly, üç-dört otagly jaýlaryň hem 10-sy gurlup, olaryň açarlary jaý eýelerine gowşuryldy. Şäherçe-de ýene-de döwletden alynýan ýeňillikli karzyň hasabyna gurulýan jaýlaryň 22-sinde gurluşyk işleri tamamlanyp barýar. "Allaberen Towça", "Altyn gum", "Rahat zaman" hususy gurluşyk kärhanalary 2016-njy ýylyň dowamynda ýene-de şeýle ýaşaýyş jaýlarynyň 18-sini gurmagy meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň