Wideoşekilli iş maslahatynda welaýatlarda we Aşgabatda alnyp barylýan işler bilen tanşyldy

00:3419.01.2016
0
3240

18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde öňe sürlen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitlendi we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk işleriniň barşy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny gowaça ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň netijeleri, olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegini üpjün etmek barada habar berildi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow gowaça ekişine taýýarlygyň çäklerinde oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak işlerine giň gerim berlendigini aýtdy.

 Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew welaýatyň ilatynyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri, ak ekinlere ideg etmek işlerini guramaçylykly alyp barmak  boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.  

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty diňlenildi. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek we toplumy ylmy esasda ösdürmek babatda ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş derejesine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abylow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak we arassaçylyk işlerini talabalaýyk alyp barmak boýunça işleri güýçlendirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Adalat ministri B.Muhamedowy göni aragatnaşyga çagyrdy, ol öz ýolbaşçylyk edýän ministrligi tarapyndan umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň 2015-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işleriň netijelerine we ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň