Hepdäniň tehnologiýa täzelikleri

0
379
2
0

BÄSDEŞLERINDEN ARANY AÇDY

 “Sony” şereketiniň resmi habarlarynda berilýän maglumatlara görä, “PlayStation 4” oýun enjamy öz ugry boýunça satylyş mukdary babatynda öňdebaryjy hasaplanylýar. 2013-nji ýylda satuwa goýberilen bu enjamyň häzirki wagta çenli 30 milliona golaýy müşderilere ýetirilipdir. “Sony” şereketiniň örän şowly çykan oýun enjamy “Playstation 4”-iň jemi satuw mukdary 29.3 milliona ýetipdir. Onuň iň ýakyn bäsdeşi “Microsoft” şereketiniň “Xbox One” oýun enjamy bu ugurda 18 millionlyk görkezijini öz adyna ýazdyrmagy başardy. Sanawda ilkinji üçlügi jemlejek “Nintendo Wii U” oýun enjamynyň muşdaklary tarapyndan satyn alnan sany 10.74 milliona ýetipdir.
 Diňe 2015-nji ýylyň soňky çärýegine seredenimizde hem “Sony” şereketiniň oýun enjamy üstünlikli satuwyny dowam etdiripdir. Degişli döwrüň dowamynda 4 million enjamyny ýerlemegi başaran “Sony”, bu ugurda 1,85 million oýun enjamyny satan “Xbox One” bılen aratapawudyny mese-mälim açdy. Öňdebaryjylaryň sanawynda 3-nji ýeri eýeleýän ýapon esasly “Nintendo” şereketiniň “Wii U” oýun enjamynyň bolsa 0.72 milliony soňky çärýegiň dowamynda muşdaklaryna ýetirilipdir. Bu görkeziji “Nintendo” tarapyndan şowsuzlyk hasaplanylýar. Bu döwürde “PlayStation 4” enjamynyň beýleki öňdebaryjylardan has ozmagynyň “gizlin syry” köpleri haýran galdyrýar. Jemi satuw babatda örän şowly döwri başdan geçirýän enjamyň täze nesilinde “Lead Platform” sazlamalarynyň ýerleşdirilmegi oňa bolan islegi artdyran sebäplerden biri hökmünde aýdylýar.
 
“ALCATEL ONETOUCH FIERCE XL”

ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde geçirilen “CES 2016” şüweleňinde köpçülige hödürlenen täze “Alcatel OneTouch Fierce XL” akylly telefony  “Windows 10” mobil ulgamy arkaly işleýän az sanly enjamlaryň hataryna goşuldy. Bu telefon “Windows 10” mobil ulgamyny elýeter bahada ulanyp görmek isleýän müşderiler üçin garaşylmadyk sowgat boldy. 5.5 inçlik sensor ekrany arkaly 720 piksel durulygy hödürleýän enjamyň ýüzi “Dragontrail Glass” gorag aýnasy bilen ätiýaçlandyrylandyr. “Cortex-A7” esasyndan güýç alýan “Fierce XL” görnüş akylly telefonynda 1.1 GHz tizlikde işlemäge ukyply bolan dört ýadroly “Qualcomm Snapdragon 210” prosessory hereket edýär. Şeýle hem, onda 2 gigabaýtlyk RAM göterijisi we 16 gigabaýtlyk maglumat saklaýjy ýady göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem, akylly enjamda mikroSD karty arkaly maglumat göterijiligini ýokarlandyrmak mümkinçiligi hem ýerleşdirilipdir. “LED flaş” ýardamly 8 megapiksellik arka kamerasy we 2 megapiksel durulygynda goşmaça durmuşyň ajaýyp pursatlaryny ýadygärlik surata düşürmek hem-de wideoýazgy etmek mümkinçiliklerini elýeterli edýär. Enjam 174 gram agyrlyga hem-de 151.9 x 77.8 x 9.4 mm göwrüme eýedir. 3 sagatda doly zarýadlanýan 2500 mAh güýje eýe bolan batareýasynyň kömegi bilen bu telefonda 14 sagat gürleşmek mümkindir. Şeýle hem enjamda “Bluetooth 4.1” we GPS ýaly adaty aýratynlyklary bilen bir hatarda LTE ýardamy hem ýerleşdirilipdir.
 
MESSI DÖWRI TAMAMLANAR

Millonlarça adamlar tarapyndan dünýäniň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edilen argentinaly ýyldyz futbolçy Leonel Messi, birnäçe ýyldan bäri FIFA oýunlarynyň daşky gapagyny bezeýär. “FIFA 13” neslinden beýläk FIFA oýunlarynyň gapagynda ýer alan Messi, geçen ýyl müşderilere hödürlenen “FIFA 16” üçin hem saýlanan ýyldyz boldy. Emma, bu oýunlary öndüriji “EA Sports” şereketi tarapyndan gelen täze habarlar, şu ýylyň soňunda çykarylmagy göz öňünde tutulýan “FIFA 17” neslinde bu ýagdaýyň üýtgejekdigini görkezýär. Futbol dünýäsini ýakyndan yzarlaýan “Le’Equipe” gazeti tarapyndan berilýän maglumatlar, Messi we “EA Sports” arasyndaky ylalaşygyň tamamlaýjy tapgyryna geçendigini we taraplaryň täze bir şertnama üçin hereket etmäge gyssanmaýandygyny habar berdi. Şeýle hem, bu habarda, ýyldyz oýunçynyň mundan beýläk FIFA oýunlarynyň “ýüzi bolmaga” onçakly höwesli däldigi barada aýdylýar. Messiniň bu kararyna nämäniň sebäp bolup biljekdigi nämälimligine galýar. Şol bir wagtda, FIFA-nyň täze oýunlarynda başga ýyldyzy goýmak isleginiň bardygy barada aýdylýar. Mundan soňky oýunlarynda gapagy bezejek täze bir ýyldyz üçin gözlegde bolan “EA Sports” şereketiniň gözleri Real Madrid toparynyň ýaş ýyldyzy Hames Rodrigese dikildi. Rodriges bu ugurda ýeke-täk dalaşgär bolmasa-da, Neýmar we Ronaldo ýaly ýyldyzlaryň PES bilen şertnamasynyň bolmagy FIFA-nyň isleglerine öz täsirini ýetirýär.
 
MONITORLARDAN TELEFONLARA SIMSIZ ZARÝAD

Las Wegasda geçirilen “CES 2016” şüweleňinde “Dell” şereketi simsiz monitor bazaryna tarap ädim ädendigini mälim etdi. Şereketiň täze görnüşli monitorlary käbir telefonlara simsiz arabaglanyşygy arkaly zarýad berip bilmek ukyby bilen köpleriň ünsüni özüne çekmegi başardy. Bu aýratynlygyň şereket tarapyndan öndürilýän täze monitorlara islegi has hem güýçlendirmegine garaşylýar. “Dell 23 Wireless” monitory, ulanyjylara Full HD durulygyny hödürlemek bilen, şol bir wagtda “Windows” hem-de “Android” enjamlaryndan “Miracast” we “Bluetooth” baglanyşygy arkaly wideoşekilleriň alyş-çalşyny amala aşyrmaga ukyplydyr. 178 dereje görnüşi hödürleýän monitorda jübüt 3 Wattlyk ses çykaryjylar we adaty HDMI bilen USB 2.0 girişleri göz öňünde tutulandyr. Ekranyň aşak tarapynda ýerleşdirilen zarýada goýulýan nokady bolsa hem “Qi” hem-de “PMA” standartlaryna laýyk gelýän simsiz zarýad berme mümkinçiligini hödürleýär. Ulanyjylar tarapyndan has peýdaly hasaplanylýan bu aýratynlyk üçin ähli telefonlaryň zarýad alyp biljekdigi ýa-da bilmejekdigi barada doly maglumat berilmändir.
 


“POLAROID”-DEN TÄZE FOTOENJAM “SNAP +”

Ady rowaýata öwrülen fotoenjam kysymy hasaplanýan Amerika merkezli “Polaroid” şereketi “Snap” görnüşli fotoenjamlarynyň hataryna ýene-de birini goşdy. ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde geçirilen “CES 2016” şüweleňinde köpçülige hödürlenen bu tehnologiýa 13 megapiksel durulyga eýe bolan “Polaroid Snap+” fotoenjamydyr. Şereketiň täze “Snap+” fotoenjamyda 3.5 inç ululygynda Full HD durulykly LCD ekrany we 13 megapiksel durulygyndaky CMOS sensory ýerleşdirilipdir. Bu enjam alnan suratlary “Zero Ink” tehnologiýasynyň kömegi bilen dessine çykarmak aýratynlygyna eýedir. Dört dürli reňkde satuwa çykarylmagy göz öňünde tutulýan enjamda  128 gigabaýtlyk microSD  karty durmuşyň ajaýyp pursatlaryny köpräk almaga ýardam edýär. Şeýle hem “Snap+” enjamy “Android” we “iOS” ulgamlary arkaly işleýän mobil enjamlardan ugradyljak suratlary çykarmaga ukyplydyr. “Polaroid Snap+”-yň 2016-njy ýylyň dördünji çärýeginde köpçülikleýin satuwa goýberiljekdigi mälim edildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru